DÜNÝÄ

Mirasyny itine goýdy

Ata-eneden perzentlere uly mukdarda mirasyň galýandygy baradaky habarlary kän okansyňyz. Bu okaýan habaryňyzda bolsa jemi 5 million dollarlyk mirasyň eýesi ne ogul, ne gyz. Ol Lulu atly köpek.

Ýalňyş okamadyňyz. Lulu amerikaly işewür Bill Dorisiň soňky günlerindäki ýalňyz hemrasy boldy. Doris onuň bilen şeýle bir öwrenişdi welin, durmuşyny onsuz göz öňüne getirip hem bilmedi. Şonuň üçin hem aradan çykmanka, 5 million dollarlyk mirasynyň köpegine galýandygyny wesýet edip gitdi.

Border Kolli tohumly 8 ýaşly Lulu bu mirasdan nähili peýdalanyp biler? Eýesiniň wesýetnamasynda bu-da göz öňünde tutulypdyr. Ýazylyşyna görä, bu serişdäniň ählisi Lulunyň idegine sarp ediler. Jogapkär hem öýüň hyzmatçysy we köpegi idediji Marta Barton. Öý eýesi Bartonyň Luluny idetmegi üçin her aýda gerek bolan mukdarda serişdäni bölüp bermegi müşderisi bolan banka sargap gitdi.

Şeýlelikde, bu gün Lulu dünýäniň iň baý köpekleriniň biri. Marta barton hem wesýetnama görä, ähli serişdäni diňe onuň üçin sarp etmekçi.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Kanadanyň General-gubernatoryny gutlady

Türkiýäniň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna Atatürk adyndaky halkara parahatçylyk baýragyny gowşurdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Ýörite wekili bilen duşuşdy