JEMGYÝET

Milli Liderimiz: çagalaryň hiç biri hossarsyz däl, olaryň arkasynda dag ýaly döwleti durandyr

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Häzirki döwürde Arkadag şäherindäki işler talabalaýyk dowam edýär. Şunda şäheriň ähli düzümlerinde öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegini esasy ugur edinýän işler amala aşyrylýar. Şol bir wagtyň özünde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilmegi netijesinde Türkmenistan halkara giňişlikde bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde eýeleýän derejesini pugtalandyrýar.

Mejlisiň dowamynda çykyş eden Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda çagalaryň hiç biriniň hossarsyz däldigini, olaryň arkasynda dag ýaly döwletiň durandygyny aýdyp, mundan beýläk-de çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, jemgyýetimiziň durmuşyna doly derejede gatnaşmagy üçin ähli oňaýly şertleriň dörediljekdigini, geljek nesillere hemişe goldaw we hemaýat beriljekdigini tassyklady. Ösüp gelýän nesillerimiz baradaky alada biziň beýik we ýagty geljegimiz baradaky aladadyr. Amala aşyrýan bu işlerimiz watandaşlarymyzyň häzirki we geljek nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň binýadyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu ugurda taryhy işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alyp barýan parz, ynsanperwer, asylly işlerinde mundan beýläk hem uly üstünlikleri arzuw edýärin diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Şweýsariýa gynanç bildirdi

2025-nji ýylda dünýäde bolan iň möhüm wakalar

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji bäbegi Aşgabatda dünýä indi

FIFA täze baýragyň döredilýändigini yglan etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy