JEMGYÝET

Milli Liderimiziň sagdyn durmuş ýörelgesi

Hormatly Prezidentimiz dynç günleri bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly adaty endigine eýerdi hem-de atçylyk toplumyna baryp, halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy.

Ir säher bilen döwlet Baştutanymyz welosipedli gezelenç etdi. Güýz günlerinde dag howasynyň aýratyn ýakymlylygy we bu ýerleriň ekologiýa ýagdaýy ynsanyň ruhuny göterýän täsiri emele getirýär.

Milli Liderimiz welosipedli gezelenjini dowam edip, daş-töweregiň tokaý zolaklary bilen sazlaşykly utgaşyp gidýän gözelligini, tebigy aýratynlyklaryny synlady. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, tebigat adamlaryň durmuşynda möhüm orun eýeleýär, olary döredijilige we asylly işlere ruhlandyrýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz soňky ýyllarda sagaldyş maşklarynyň häzirki zaman görnüşi hökmünde dünýäniň köp ýurtlarynda uly meşhurlyga eýe bolan skandinaw ýörişi bilen meşgullandy. Sportuň bu görnüşi adamyň beden agzalaryny, aýaklarynyň we elleriniň bogunlaryny berkidýär, ýürek-damar we dem alyş ulgamlarynyň işjeňligini artdyrýar.

Hormatly Prezidentimizıň belleýşi ýaly, adamyň beden agzalarynyň mümkinçilikleriniň açylmagy hem-de olaryň kadaly hereketiniň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meselelere lukmançylyk ylmynda aýratyn ähmiýet berilýär. Pyýada gezelenç etmek bolsa onuň işjeňligini artdyrýar we uzak ýaşamaga ýardam edýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, skandinaw ýörişi ýüregiň we dem alyş ýollarynyň işleýşini gowulandyrýar hem-de adamyň tutuş bedenine oňyn täsiri bar. Ýöriş mahalynda bogunlaryň hereketi sazlaşýar, bu bolsa adamyň bogunlaryna duzuň ýygnanmagynyň öňüni alýar.

Skandinaw ýörişiniň barşynda arkanyň we eginleriň bogunlary işjeňleşýär. Bu ýagdaý adaty pyýada gezelençlerde bolup geçmeýär. Bu ýörişiň peýdasy uludyr, emma belli bir tehnikanyň berjaý edilen ýagdaýynda şeýledir. Mysal üçin, ölçegi boýunça taýaklary dogry seçip almaly, olara känbir agram salman, ýörelen mahaly degişli görnüşde ulanmaly.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Hanbeg atly bedew bilen didarlaşdy. Hormatly Prezidentimiz milli seýisçilik däplerine laýyklykda bedewe ideg etdi hem-de onuň bilen birsellem gezelenç etdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, at çapmak ýaly gadymy milli sungaty kämilleşdirmek häzirki döwrüň türkmen atçylygynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Hut şeýle ajaýyp häsiýetler, bedewleriň reňk aýratynlygy olaryň dünýä ýüzündäki şöhratynyň belende galmagyny kesgitleýär. Gadymy döwürlerden bäri türkmenler bedew atlaryny öz maşgala agzalarynyň biri hökmünde görüpdirler. Bu bolsa ahalteke bedewiniň ynsan bilen mizemez arabaglanyşygyny pugtalandyrypdyr.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň tebigy gazyny Ýewropa ibermegiň ugurlary maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

“Galkynyş” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alnyp başlandy

ITTC-2024: halkara ulag forumy geçiriler

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görülýär

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna okuwa iberiler