Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygynyň şahsyýetnamasyny gowşurdy.
Ýurdumyzda Milli parlamentiň hil taýdan täze iki palataly düzüminiň döredilmegi Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşiniň hukuk esaslarynyň berkidilmegini, döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyny ýardam eder.
Merkezi saýlaw toparyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna biragyzdan saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady we döwlet Baştutanymyza Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygynyň şahsyýetnamasyny gowşurdy.
G.Myradow ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigini belledi.
Bellenilişi ýaly, saýlawlaryň ähli tapgyry açyklyk, aýanlyk esasynda ýurdumyzyň Konstitusiýasyna hem-de Saýlaw kodeksine, halkara hukuk kadalaryna laýyklykda geçdi. Ähli dalaşgärlere saýlawlaryň öňüsyrasyndaky çäreleri, saýlawçylar bilen duşuşyklary guramak üçin deň şertler we mümkinçilikler döredildi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna 48 mandatyň ornuna jemi 112 dalaşgär hasaba alyndy. Munuň özi saýlawlaryň giň bäşdeşlik esasynda geçirilendigine şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygynyň şahsyýetnamasyny minnetdarlyk bilen kabul edip, ýekşenbe güni geçirilen saýlawlaryň döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda taryhy ähmiýetli waka, döwletimiziň demokratik esaslaryny berkitmekde, hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgelerini pugtalandyrmakda möhüm ädim bolandygyny belledi..
– Saýlawçylaryň uly ynam bildirip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlamagy, şu gün bolsa halk häkimiýetliliginiň täze edarasynyň agzasynyň wagtlaýyn şahsyýetnamasynyň gowşurylmagy ýatdan çykmajak pursada öwrüldi.
Bu ynam mundan beýläk-de eziz Watanymyz, mähriban halkymyz üçin gujur-gaýratymy gaýgyrman zähmet çekmäge borçly edýär, men bu şahsyýetnamany türkmenistanlylaryň bildiren uly ynamy hökmünde kabul edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyz saýlawçylara işde uly üstünlikleri, durmuşda bagt we abadançylyk arzuw etdi.