JEMGYÝET

Milli Liderimize “Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty” ady dakyldy

Şu gün hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirildi. Onda paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly toýuna bagyşlanan çäreler barada durlup geçildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, mejlisde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň başlygy G. Mämmedowa çykyş edip, şu ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň maslahatynda milli Liderimiziň Aşgabat şäherini ykdysady, syýasy, medeni we durmuş taýdan ösdürmekde bitirýän aýratyn hyzmatlaryňyza, ägirt uly tagallalaryňyza, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we ähli halkymyzyň çuňňur hoşallygynyň nyşany hökmünde “Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty” diýen hormatly ady dakmak Mejlisiň kararynyň kabul edilendigini belläp geçdi.

Milli Geňeşiniň Mejlisiniň başlygy şol karary okap, Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna degişli resminamany gowşurdy.

25-nji Maýda Ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Related posts

Gyrgyzystanyň Prezidenti Türkmenistanda iş saparynda bolar

Üçtaraplaýyn sammit: suw, energetika we ulag hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-iň ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi

Ata Watan Eserleri