JEMGYÝET

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyndaky işler bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy.

Bu ýerde gurluşyk, senagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer B.Annamämmedow, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Hajymyradow, Halkara Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti A.Rejebow, Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew we bu toplumyň döwrebaplaşdyryş işlerini geçirýän Türkiýäniň «Gap Inşaat» gurluşyk kompaniýasynyň wekili ynanylan wezipeleriň berjaý edilişi barada giňişleýin maglumatlary berdiler.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň çäginde ýaýbaňlandyrylan işler häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede alnyp barylýar. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna toplumy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berýän şekil taslamalary, binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy esasynda toplumyň binalaryny döwrebaplaşdyrmak we onuň çägini abadanlaşdyrmak işleri tassyklanan meýilnama laýyklykda batly depginler bilen dowam edýär. Şunda hususan-da, topluma gelýän ýoly döwrebaplaşdyrmak, onuň ugrunda ýol belgilerini degişli şekilleri ýerleşdirmek, onuň yşyklandyryş ulgamynyň aýratynlyklary we ýol gurluşygynyň häzirki zaman ugurlary barada maglumatlar berildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilýän şekil taslamalaryny synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi. Bu ugurda degişli ýolbaşçylara öz  maslahatlaryny berdi.
Şeýle hem Milli Liderimiz öňde boljak Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlygyň çäklerinde şanly toýuň meýilnamasynyň taýýarlanylmalydygyny we ony Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürläp, döwlet Baştutanynyň meýilnamany tassyklan halatynda toý dabaralaryny şu ýylyň şygaryna laýyklykda ýokary derejede geçirmek meselelerine toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.

Ýene-de okaň

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly geçiriler

Ata Watan Eserleri

“Arkadag”- “Al-Nasr” duşuşygy: 500 sany meýletinçiler saýlanylyp alyndy

Saýlawlar boýunça saýlaw möwsümi başlady

Türkmenistan “Rona” atly eýran ýük gämisini halas etdi

Türkmenistanda aprel aýynda halkara matematika olimpiadasy geçiriler

Türkmenistanyň jemagat hojalyklaryna täze tehnikalar gelip gowuşdy