JEMGYÝET

Milli Liderimiz: TOPH taslamasy her ýyl Owganystana 1 milliard dollar girdeji gazandyrar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat» gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna badalga bermek mynasybetli dabara gatnaşdy.

Bu dabaraly mejlisde çykyş eden türkmen halkynyň Milli Lideri öz çykyşynda goňşy we sebit döwletleriň gülläp ösmeginde, ykdysady taýdan durnukly gurşawy emele getirmekde uly ähmiýete eýe bolan «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň uzynlygy 214 kilometr bolan türkmen bölegi edermen gazçylarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilendigini belledi.

Bu gün bolsa uzynlygy 153 kilometr bolan Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat-Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan nobatdaky tapgyryny dowam etdirmek işleriniň şaýady bolýarys.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan bu taslamany durmuşa geçirmek üçin berk maddy-enjamlaýyn binýat döredildi. Taslamanyň gurluşygy 200-den gowrak täze häzirki zaman kuwwatly tehnikalar bilen üpjün edildi. Bu taslamanyň gurluşygyna owgan raýatlary hem işe çekiler. Şeýle hem, bu taslamanyň doly durmuşa geçirilmegi bilen owgan halky üçin täze iş orunlary dörär. Her ýyl Owganystana ortaça 1 milliard amerikan dollaryndan gowrak serişdeler gelip gowşar, diýip, Milli Liderimiz belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri pursatdan peýdalanyp, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda iri möçberli taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşýandygy üçin edermen gazçylarymyza, şeýle hem bu taslamany goldandygy we ony amala aşyrmaga gatnaşýandygy üçin, owgan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Ýene-de okaň

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy