SPORT

Milletler Ligasy finaly: Ispaniýa-Fransiýa

UEFA guramasy tarapyndan Ýewropanyň futbol boýunça milli ýygyndylarynyň arasynda geçirilýän Milletler Ligasynda nobat final duşuşygyna geldi. Bu ýaryşyň finalynda Ispaniýa bilen Fransiýanyň milli ýygyndylary duşuşar.

Ýarym final duşuşyklarynyň ilkinjisinda Ispaniýanyň ýygyndysy Italiýany 2:1 hasabynda ýeňdi.

Ýarym finalyň beýleki duşuşygynda bolsa, Fransiýanyň ýygyndysy Belgiýany 3:2 hasabynda ýeňmegi başardy. Bu duşuşykda Belgiýanyň ýygyndysy 37-nji minutda Karrasko we 40-nji minutda Lukaku bilen 2:0 hasabynda öňe saýlandy.

Ýöne duşuşygyň ikinji ýarymynda Didýe Deşamyň futbolçylary tijenip, 62-nji minutda Benzema, 69-njy minutda Mbappe we 90-njy minutda Ernandes tapawutlanyp, Fransiýany finala çykardy.

10-njy oktýabrda Italiýanyň “San-Siro” stadionynda Ispaniýanyň we Fransiýanyň ýygyndylarynyň arasynda final duşuşygy geçiriler.

 

«PSŽ» Mbappe üçin täze şertnama hödürlär

 

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi