MEDENIÝET

Metbugat ulgamyna degişli halkara maslahat

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Garaşsyz Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde» atly halkara maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berlip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli çäreleriň meýilnamasyny hödürledi.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna gabatlanan forum berkarar döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini giňden wagyz etmek hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen geçirilýär.

5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde guraljak halkara maslahatyň barşynda Döwlet habarlar agentliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, gazet-žurnallaryň redaksiýalarynyň wekilleri daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ozal baglaşylan halkara resminamalaryň ýerine ýetirilişi, geljekki edilmeli işler we öňde duran wezipeler barada pikir alşarlar. Onuň işine sanly ulgam arkaly daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Çäräniň çäklerinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan sergini guramak meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy