SPORT

Messi we Saud Arabystany

Şu günler Argentinanyň milli ýyldyzy Lionel Messiniň geljekki ykbaly barada dürli habarlar neşirleriň sahypalarynda öz ornuny alýar. Şolaryň biri hem Messiniň Saud Arabystany topary bilen ylalaşyk gazanandygy baradadyr.

Fransiýanyň “Frans Press” habarlar gullugynyň habaryna görä, Messi Saud Arabystanynyň “Al Hilal” topary bilen ylalaşdy. 35 ýaşyndaky futbolçy üçin 400-500 million ýewrolyk teklip edildi. Käbir neşirleriň bu teklibiň 600 million ýewro barabardygyny belleýärler.

Messi bilen bir hatarda saud toparyna onuň “Barselona” toparyndaky ozalky topardaşlary Serhio Buskets hem-de Jordi Albanyň hem geçip biljekdigi bellenilýär.

Serhio Buskets şu möwsümden soňra “Barselona” bilen şertnamasyny ýatyrýar. Jordi Albanyň hem şertnamasyny bes etmegine garaşylýar.

Messiniň aýaly Antonello Rokussanyň bolsa, Saud Arabystana gitmek islemeýändigi bellenilip geçilýär.

Messiniň Fransiýanyň “PSŽ” toparyndaky şertnamasynyň möhleti 2023-nji ýylyň iýulynda tamamlanýar. Leonyň möwsümiň ahyrynda ykbaly barada çözgüt kabul etjekdigi aýdylýar.

Argentin ýyldyzynyň geçmegi meýilleşdirýän “Al Hilal” topary barada aýdylanda bolsa, ol Saud Arabystanynyň iň meşhur toparlarynyň biridir. 18 gezek Saud Arabystanynyň çempiony boldy. Soňky 6 ýylda 5 gezek çempion boldy.

Saud Arabystanynyň milli ýygyndysynyň düzüminde “Al Hilal” toparynyň 12 futbolçy çykyş edýär. Al-Şehri we Salem Al-Dosari ýaly hüjümçileri Messi tanaýan hem bolmagy mümkin. Sebäbi olar Katarda geçirilen dünýä çempionatynyň ilkinji duşuşygynda Argentinanyň derwezesinden gol geçiren hüjümçilerdir.

Häzirki wagtda “Al Hilal” toparynyň düzüminde daşary ýurtly futbolçylardan Odion Igalo, Mussa Maregi, Maýkl Riçard, Andre Karilýo, Lusiano Wýetto hem-de Gustawo Kueslýar bar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”