SPORT

Messi Ronaldony ýeňdi

Lionel Messili Fransiýanyň “PSŽ” topary bilen düzüminde Kristiano Ronaldo bolan Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” we “Al-Hilal” toparlaryndan düzülen saýlamam toparyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýad şäherindäki Patyşa Fahd stadionynda geçirilen duşuşykda Lionel Messili “PSŽ” topary Saud Arabystanynyň saýlama toparyny ýeňdi. Duşuşyk 5:4 hasabynda tamamlandy. Duşuşygyň 3-nji minutynda Lionel Messi tapawutlanan bolsa, Ronaldo bolsa 34-nji minutda 11 metrlik jerime ugrusyndan, 45+6-njy minutda tapawutlanmagy başardy.

Duşuşykda fransuz toparynyň gollaryny Lionel Messi, Markinos, Serhio Ramos, Kilian Mbappe we Ýugo Ekitike geçirdi. Fransuz toparynyň ýyldyzlaryndan Neýmar bolsa 11 metrlik jerime urgusyndan peýdalanyp bilmedi.

Saud toparyndan bolsa Ronaldo, Çan Hen Sun, Anderson Talisko tapawutlanmagy başardy. Duşuşygyň 2-nji ýarymynda hem Messi hem-de Ronaldo meýdançadan çykdy.

Messi bilen Ronaldo biri-birine garşy 37 duşuşyk geçirdi. Olaryň 18-si Ispaniýanyň milli çempionatynda, 6-sy Çempionlar ligasynda, 5-si Ispaniýanyň Kubogy we Superkubogy ugrundaky ýaryşlarda, 2-si bolsa milli ýygyndylaryň arasyndaky duşuşyklarda boldy.

Messiniň düzüminde oýnan toparlary 17 gezke ýeňiş gazanan bolsa, Ronaldonyň düzümindäki toparlar 11 gezek ýeňiş gazandy. 9 duşuşyk bolsa, deňme-deň tamamlandy.

Argentin we portugal ýyldyzlar soňky gezek 2020-nji ýylyň 8-nji dekabrynda birek-birege garşy ýaşyl meýdança çykypdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy CAFA-nyň çempionatyna gatnaşar

Dünýä çempionatyna gatnaşjak Özbegistanyň futbol ýygyndysy swtoulag sowgat alar

Iordaniýa ilkinji gezek dünýä çempionatynda çykyş eder

Taryhy gün: Özbegistan futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarda 349 medala mynasyp boldular

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Tailandyň milli ýygyndysy bilen duşuşar