SPORT

Messi karýerasyny ABŞ-da dowam etdirip biler

Lionel Messiniň mundan soňky çempionatynyň ABŞ-nyň milli çempionaty bolup biler. “The Times” neşiriniň habaryna görä, 35 ýaşyndaky argentinaly “Inter Maýami” topary bilen şertnama baglaşyp biler.

Topar Messi bilen Katarda dowam edýän dünýä çempionatyndan soňra şertnama baglaşyp, 2022-2023-nji möwsüm tamamlanandan soňra argentin futbolçysynyň ABŞ-a gitmeginiň mümkindigi bellenilýär.

“Maýami” topary düzümini has-da güýçlendirmek isleýär. Munuň üçin Messi, Sesk Fabregas we Luis Suares bilen gyzyklanýar.

Messiniň ABŞ-nyň milli çempionatyndaky iň köp hak tölenýän futbolçysy bolar. Dewid Bekhem Maýaminiň toparynyň eýeleriniň biridir. Bekhemiň Messini toparyň düzümine goşmakdaky täsiriniň uludygy bellenilýär.

Messi üçin hem bu teklip has amatly bolup biler. Messiniň Maýamide jaýy bar we ol käte şol ýerde dynç alýar.

Lionel Messi häzirki wagtda “PSŽ” toparynda çykyş edýär we onuň şertnamasy geljek ýylyň tomsunda tamamlanýar. Fransuz topary hem şertnamanyň möhletini uzaltmak üçin gyzyklanma bildirýär.

Messiniň geljekki karýerasy bilen baglanyşykly dünýä çempionatyndan soňra karar bermegi meýilleşdirýär.

Ýene-de okaň

Ronaldo “Al-Nasr” bilen meýdança çykdy we gol geçirdi

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

«Arkadag» futbol topary ýaş türkmen türgenleri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Messi ýoldaşlyk duşuşygynda “Barselona” gol geçirdi