SPORT

Messi – iň güýçli türgen we futbolçy

Argentinanyň milli ýygyndysy bilen dünýä çempiony bolmagy başaran Lionel Messi birnäçe iri halkara sport guaramalary we edaralary tarapyndan ýylyň iň güýçli türgeni we futbolçy hökmünde ykrar edildi.

Halkara futbol taryhy we statistikasy federasiýasy (IFFHS) tarapyndan Messi 2022-nji ýylyň iň güýçli futbolçysy yglan edildi. Bu sanawda Messiniň topardaş ýoldaşy Kilian Mbappe 2-nji orny eýelän bolsa, fansuz futbolçy Karim Benzema 3-nji orny, Luka Modriç 4-nji orny, Erling Holand bolsa 5-nji orny eýeledi.

2020-nji we 2021-nji ýylda bolsa, Robert Lewandowski bu ada eýe bolupdy.

Şol bir wagtda Fransiýanyň “L’Equipe” gazeti tarapyndan Lionel Messi ýylyň türgeni boldy. Bu ýerde-de Mbappe 2-nji orny eýeledi. Tennisçi Rafael Nadal üçünji, welosipedçi Remko Ewenepul 4-nji we “Formula-1” ýaryşlarynyň türgeni Maks Ferstappen 5-nji orny eýeledi.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi