SPORT

Meşhur futbolçy türk toparyna tälim berer

Türkiýäniň “VavaCars Fatih Karagümrük” topary italýan tälimçisi Andrea Pirlo bilen bir ýyllyk şertnama baglaşdy. 43 ýaşly tälimçi “Fatih Karagümrük” bilen bir ýyllyk şertnama baglaşdy. Gol çekişlik dabarasyna klubyň wise-prezidenti Serkan Hurma gatnaşdy.

Pirlo futboly gowy görýändigini we Super ligany yzarlaýandygyny mälim edip: “Bu toparda beýleki italýanlaryň oýnandygyny bilýärdim. Gepleşikler birnäçe hepde öň başlandy. Bu ýere gelmegim möhümdi. Toparyň maksatlary meniň ünsümi çekdi. Mende-de şuňa meňzeş arzuwlar bardy we şu wagt bir ýere ýygnandyk” diýip belledi.

Futbolçylyk karýerasynda «Breşiýa», «Inter», «Milan», «Ýuwentus», «Nýu Ýork Siti» ýaly klublarda oýnady. Ol «Ýuwentusyň» U23 toparyna, soňra-da 2020/21 möwsüminde-de Ýuwentus toparyna tälim berdi. «Ýuwentus» onuň tälimçiliginde Italiýanyň Kubogyna hem-de Super Kubogyna mynasyp boldy.

 

 

Holand “Mançester Siti” bilen resmi ÅŸertnama baglaÅŸdy

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi