DÜNÝÄ

Merkezi Aziýanyň Prezidentleriniň Hindistana sapary barada

Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleriniň şu ýylyň 26-njy ýanwarynda Hindistanyň milli baýramy – Respublika gününiň dabaralaryna gatnaşmagy göz öňünde tutulýardy.

Emma häzirki wagtda dünýäde koronawirus ýokanjynyň çalt depginde ýaýramagy sebäpli Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlary Respublika gününiň dabaralaryna gatnaşmak üçin Hindistana gelmeýändikleri habar berildi. Bu barada Hindistanyň “ANI” habarlar gullugy habar berýär.

– Merkezi Aziýadan myhmanlar koronawirus sebäpli Respublika gününiň dabaralaryna gatnaşmaýarlar – diýip, neşirde bellenilýär.

Mälim bolşy ýaly, Hindistanyň Premýer-ministri Narenra Modi geçen ýylyň ahyrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryny Respublika gününiň dabaralaryna çagyrypdy.

Şeýle hem Hindistanda Merkezi Aziýa-Hindistan dialogynyň ýokary derejedäki sammitini hem geçirmek göz öňünde tutulypdy.

 

Howadan iýmit öndürdiler

Ýene-de okaň

Hytaýda türkmen-hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Halkara zenanlar gününiň dabarasy

Trampyň doglan gününde Ak Tamda “UFC” ýaryşy geçiriler

Pekinde türkmen-hytaý restorany açylar

Täjigistanda 2040-njy ýyla çenli 2 milliarddan gowrak bag nahaly ekiler

Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi