JEMGYÝET

Merkezi Aziýanyň Baştutanlary tarapyndan möhüm kararlar kabul edildi

Daşkent şäherinde ýerleşýän Kongres merkezinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygy geçirildi. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň başlyklyk etmeginde guralan sammite hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de hormatly myhman hökmünde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew gatnaşdylar.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji Konsultatiw Duşuşygynyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýanat kabul edildi.


Mundan başga-da, döwlet Baştutanlary tarapyndan aşakdaky möhüm resminamalar kabul edildi:

  • BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027-2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna Gyrgyz Respublikasynyň dalaşgärligi boýunça BMG-ä agza döwletlere ýüzlenme;

  • Azerbaýjan Respublikasynyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw Duşuşygyna doly hukukly gatnaşmagy hakynda Karar;

  • Merkezi Aziýada sebitleýin howpsuzlyk we durnuklylyk Konsepsiýasy;

  • Merkezi Aziýanyň howpsuzlyk töwekgelçilikleriniň Katalogy we olaryň öňüni almak boýunça 2026-2028-nji ýyllar üçin çäreler.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan uruş weteranlaryna sowgatlar gowşurylar

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy döredildi

Ata Watan Eserleri