JEMGYÝET

Türkmenistan 2026-njy ýylda Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna başlyklyk eder

Türkmenistan 2026-njy ýylda Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna başlyklyk eder. Bu barada Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Daşkent şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda belläp geçdi.

– Türkmenistanyň Prezidenti, hormatly Serdar Berdimuhamedowy 2026-njy ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna başlyklyk etmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu duşuşyk “Merkezi Aziýa+Azerbaýjan” täze görnüşinde geçirilýär – diýip, Özbek Lideri belledi.

Şeýle hem özbek Lideri Türkmenistany öňde boljak başlyklyk döwründe hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardyklaryny we bu babatda üstünlikler arzuw etdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan mundan ozal, 2021-nji ýylda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny geçiripdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady