DÜNÝÄ

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň oba hojalyk ministrleriniň 1-nji duşuşygy Daşkentde geçirildi

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň oba hojalyk ministrleriniň 1-nji duşuşygynda sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, durnukly oba hojalygyny ösdürmek we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga sebitiň ýurtlarynyň degişli edaralarynyň ýolbaşçylary, diplomatik wekiller we halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Gatnaşyjylar döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze derejä çykandygyny belläp, oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhümdigini nygtady.

Duşuşykda ulag, energetika we innowasiýa infrastrukturasyny ösdürmek, serhetara logistika merkezlerini döretmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň esasy netijesi Merkezi Aziýanyň azyk howpsuzlygy boýunça 2030-njy ýyla çenli hereket etjek meýilnama we bilelikdäki Jarnamanyň gol çekilmegi boldy. Ol oba hojalyk syýasatyndaky hereketleriň utgaşdyrylmagyny we sebitleýin integrasiýany ösdürmegi maksat edinýär.

Şeýle hemDurnukly ekerançylyk boýunça sebitleýin merkezi döretmek başlangyjy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu merkez sebitiň ýurtlarynyň tejribe alyşmagy we dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmagy üçin meýdança bolar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygy giňeltmäge we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassyk etdiler.

Ýene-de okaň

Aşgabatda zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan interaktiw dialog geçirildi

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy resmi taýdan çap edildi

Türkmenistanyň we Türkiýäniň migrasiýa edaralarynyň iş duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Halkara Zähmet Guramasynyň sebitleýin direktory bilen duşuşdy

Amerikada Green Kart boýunça täzelik bar: “DV-2027” yglan edilermi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Stambul şäheriniň häkimi bilen duşuşygy