JEMGYÝET

“Merkezi Aziýa-Hytaý” sammiti boýunça resmi dabara

Şu gün Hytaýyň Sian şäherinde “Merkezi Aziýa-Hytaý” sammiti boýunça resmi dabara geçirildi.  HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Hytaýyň Sian şäherine bardylar.

Ertir bu taryhy şäherde “Merkezi Aziýa-Hytaý” sammiti geçiriler. Sammitiň öňüsyrasynda döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda resmi dabara geçirildi. Resmi dabara Tan dinastiýasynyň Lotos seýilgähinde guraldy.

Bu ýerde döwlet Baştutanlary Hytaýyň medeniýet we sungat ussatlarynyň teatrlaşdyrylan çykyşlaryna tomaşa etdiler. Soňra resmi surata düşmek dabarasy boldy.

“Merkezi Aziýa-Hytaý” sammitiniň esasy çäreleri ertir geçiriler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnamyň saýlanan Prezidentini gutlady

Aşgabatda iňlis dili boýunça V halkara internet olimpiadasy geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasyna sapar bilen bardy

Ata Watan Eserleri

Türkiýede uçarman ugry boýunça okajak türkmen ýaşlarynyň dykgatyna!!!

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Ýolöten etrabynda döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Dr. Dowran Orazgylyjow: “Makul Iňlisçe–Türkmençe” dil gollanmasy – intellektual başlangyç

Ata Watan Eserleri