DÜNÝÄ

“Merkezi Aziýa – Hytaý” döwlet Baştutanlarynyň ikinji sammiti ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Sekretariatynyň wezipä bellenilen Baş sekretary Sun Weýdunyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Söhbetdeşligiň başynda A.Gurbanow myhmany jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we täze işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda hemmetaraplaýyn strategiki we uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolan üstünlikli ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerine garamak bilen, diplomatlar söwda-ykdysady ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny bellediler, energetika, ulag-aragatnaşyk arabaglanyşygy we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça bilelikdäki işleriň barşyny seljerdiler.

Bellenilişi ýaly, iki döwletiň baştutanlarynyň arasynda emele gelen ynanyşmagyň hem-de dostlugyň ýokary derejesi döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär.

Şeýle hem diplomatlar halkara we sebitleýin düzümleriň çäklerinde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky köptaraplaýyn dialogyň netijelidigini nygtadylar.  “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň hem netijelidigi bellenildi.  Şunuň bilen baglylykda, taraplar 2025-nji ýylda Astana şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň döwlet Baştutanlarynyň ikinji sammitine taýýarlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Kabul we Aşgabat TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky ýerleri satyn almak işinde ylalaşýarlar

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi