JEMGYÝET

«Merkezi Aziýa ― Russiýa» sammiti geçirilýär

Şu gün günüň ikinji ýarymynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäheriniň Kongres merkezinde «Merkezi Aziýa ― Russiýa» sammiti öz işine başlady. Sebit ýurtlarynyň strategik hyzmatdaşy bolan Russiýanyň başlangyjy esasynda şeýle düzümde ilkinji gezek geçirilýän duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşýar.

Sammitiň dowamynda oňa gatnaşýan Liderler yzygiderlilikde çykyş edip, hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşarlar. Özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, häzirki geosyýasy şertlerde söwda-ykdysady we beýleki bähbitleri goramak duşuşygyň gün tertibiniň esasy meseleleri bolar. Şeýle-de taraplar Owganystandaky ýagdaýlary nazara almak bilen, sebit howpsuzlygyny üpjün etmegiň ugurlary barada pikir alşarlar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem çykyşynda hut şu meseleler babatda ýurdumyzyň garaýyşlaryny beýan eder.

«Merkezi Aziýa ― Russiýa» görnüşdäki ýokary derejeli duşuşygyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannamany kabul etmek göz öňünde tutulýar. Onda Ýewraziýa giňişliginde sebitleýin hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri, şeýle-de syýasat, howpsuzlyk, söwda, ykdysadyýet, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklaryň geljekki mümkinçilikleri öz beýanyny tapar.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýda dostlukly saparda bolar

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistan Eýrana ynsanperwerlik kömegini iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri agzaçar sadakasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Taryhy gymmatlyklarymyz Rimiň Kapitoliý muzeýinde görkezilýär

Türkmenistanda 21-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler