MEDENIÝET

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

“Älem gözeli-2025” (Miss Universe-2025) adyny Meksikanyň wekili Fatima Boş Fernandes aldy. Sylag gowşurylyş dabarasynda täç geçen ýylky ýeňiji, Daniýadan bolan Wiktoriýa Kýer Teýlwigden gowşuryldy.

74-nji gezek geçirilen bäsleşikde ikinji orny Tailanddan gatnaşan Prawenar Sing eýeledi. Finalyň bäşligine Wenesueladan Stefani Abasali, Filippinlerden Ahtisa Manalo we Kot-d’Iwuaryň (Kowur-sahyly) wekili Oliwiýa Ýase hem girdi.

Ilkinji 12-lige şeýle-de Çiliden, Kolumbiýadan, Kubadan, Gwadlupadan, Puerto-Rikodan, Hytaýdan we Maltadan gelen gyzlar hem girdiler.

Geçen ýyl “Älem gözeli” adyna Daniýanyň wekili Wiktoriýa Kýer Teýlwig eýe bolupdy. Hut ol hem bu ýylky ýeňijä ady we arzyly täji gowşurdy.

“Älem gözeli” (“Miss Universe”) – bu her ýyl geçirilýän halkara gözellik bäsleşigi bolup, dünýäniň iň abraýly gözellik bäsleşikleriniň biridir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy