JEMGYÝET

Meksikanyň 200 ýyllyk taryhynda ilkinji zenan prezident

Klaudiýa Şeýnbaum Meksikanyň 200 ýyllyk taryhynda ilkinji zenan prezident boldy. Ol prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazandy.

“Moreno” partiýasyndan dalaşgär görkezilen Klaudiýa Şeýnbaum 59 göterim ses alyp, ýurduň ilkinji saýlanan zenan prezidenti boldy.

62 ýaşyndaky Şeýnbaum Mehiko şäherinde dünýä indi. Onuň ata-babalary 1920-nji ýyllarda Litwadan we Bolgariýadan Meksika göçüp gelipdirler. Bilimi boýunça alym bolan Şeýnbaum daşky gurşawy goramak boýunça hünären.

2007-nji ýylda howanyň üýtgemegi boýunça hökümetara toparyň düzüminde parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna mynasyp boldy.

Ol 2000-2006-njy ýyllarda Mehikonyň daşky gurşaw boýunça ministri boldy. 2018-nji ýylda ýurduň paýtagty Mehiko şäheriniň häkimi Lopes Obrador prezident wezipesine saýlanandan soňra Şeýnbaum onuň ornuna şäheriň häkimi wezipesine saýlandy.

Şeýnbaumyň ýolbaşçylyk wezipeleri üçin Lopes Obradora borçly bolup galýdygyny bellenilýär. Lopes Obrador ýurduň iň meşhur syýasatçylarynyň biridir.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi