SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Maýmyn mama keseliniň ady üýtgedildi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) howply wirus hasaplanýan maýmyn mama keseliniň adyny üýetgetmek hakynda çözgüt kabul etdi. Bu wirus şu ýylyň başlarynda ýüze çykypdy.

Şeýlelikde, BSGG bu wirusyň ady “mpox” edip üýtgetdi. Ol hem iňlis dilindäki “monkeypox” diýlip atlandyrylýan maýmyn mama keseliniň gysgaldylan görnüşi bolup durýar.

Gurama bu ady hem iňlis hem-de beýleki dillerinde ulanylyp bilinjekdigini mälim etdi. Şu ýylyň ahyryna çenli bu wirusyň täze we köne atlary bilelikde ulanylar we soňra doly üýtgediler.

Maýmyn mama keseli ilkinji gezek 1970-nji ýylda adamlarda ýüze çykypdy. Bu howply wirusyň ady maýmynlarda şeýle wirusyň döremegi bilen baglanyşdyrylýar.

Şu ýylyň tomsunda bu wirus 29 döwletde, şol sanda Ýewropada, Kanadada, Awstraliýada we ABŞ-da hasaba alyndy.

Merkezi we Günbatar Afrikada ýüze çykan bu wirus hem birnäçe ýurtda hasaba alnandan soňra BSGG tarapyndan oňa garşy göreşmek boýunça meýilnamalar taýýarlandy. Häzirki wagtda birnäçe aýdna bäri bu kesel bilen keselleýänleriň sany azalmak bilen bolýar.

Ýene-de okaň

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler