SPORT

Jordanyň meşhur sport aýakgaby satyldy

Maýkl Jordanyň 1984-nji ýylda “NBA” möwsüminde geýen sport aýakgaby 1 million 472 dollara satyldy. “Sotheby” auksion öýüniň “Twitter” jemgyýetçilik torunyň habaryna görä, “Nike” markaly sport aýakgaby Las-Wegasda auksiona çykaryldy. Satuw bahasy takmynan 1-1,5 million dollar bolar diýlip çaklanyldy. Jordanyň “Nike” markaly sport aýakgabyny Nik Fiorella atly kolleksioner satyn aldy.

Bu jübüt sport aýakgaby esasanam Maýkl Jordan üçin ýörite taýýarlanmagy bilen meşhurdyr.  Ol ilki bilen bu aýakgabyny çempionatyň bäşinji oýnunda geýdi, sebäbi “Nike” kompaniýasy möwsümiň başynda aýakgap taýýarlamaga wagt tapmady.

Bu aýakgaba basketbolçynyň lakamyna öwrülen “Air Jordan” ady dakyldy.

Maýkl Jordan alty gezek “NBA” çempiony boldy we ABŞ-nyň milli ýygyndysy bilen iki gezek Olimpiýa çempiony boldy.  Ol 2003-nji ýylda sport durmuşyny tamamlady.

 

Birža täzelikleri: panamaly işewürler haryt satyn aldylar

Ýene-de okaň

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri

Tramp Messi bilen duşuşdy: “Belki Peleden has gowusyň?”