Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň ruhubelent, berk bedenli bolmagy, aň-bilim taýdan ösmegi we terbiýesi üçin ähli şertler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda bilimli, terbiýeli, maksada okgunly nesil kemala gelýär.
Häzirki döwürde umumadamzat gymmatlyklaryny we dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesini öwrenmek, şeýle hem halkymyzyň medeni, milli-ruhy ýörelgelerini, däp-dessurlaryny sazlaşykly peýdalanmak arkaly ýurdumyzyň bilim ulgamy mundan buýana-da döwrebaplaşdyrylýar. Bu ulgamda düýpli özgertmeleri amala aşyrmagy çuňlaşdyrmagyň we belent sepgitlere ýetirmegiň ýolundaky maksatnamalaýyn wezipeleri çözmek ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Bu mümkinçilikler bilim ulgamyny kämilleşdirmekde we ýaşlara berilýän bilimiň hil derejesiniň dünýä ülňülerine kybapdaş bolmagynda özüniň ýokary netijesini berýär.
Häzirki ajaýyp döwrümizde welaýatlarda, etraplarda, şäherlerde, şeýle hem obalarda täze mekdeplerdir çagalar baglary açylyp ulanylmaga berilýär. Bu bilim ojaklary dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr.
Ine, şeýle ajaýyp hem-de bagtyýar döwürde ýaş türkmenistanlylara döwrebap hem-de kämil bilim bermek boýunça edilýän tagallalaryň netijesinde, takyk bilimlere hem aýratyn ähmiýet berilýär. Şolaryň hatarynda matematika sapaklarynyň ähmiýeti hem uludyr.
Mekdeplerde okuwçylara matematiki düşünjeleri öwretmegiň esasy ýoly sapakdyr. Okuwçylary akyl taýdan ösdürmekde, matematiki düşünjeleri öwretmek boýunça guralýan sapaklaryň ähmiýeti uludyr.
Matematika sapaklarynda, esasan, okatmagyň görkezme esbaply usulyny ulanmak işiň ilerlemegine ýardam edýär. Mugallym görkezme esbaply sapak geçmek bilen okuwçylara bilim bermegi, olaryň tabşyrylan ýumşy kanagatlanarly ýerine ýetirmeklerini gazanýar. Okatmakda görkezme esbaplaryň, dürli öwrediji serişdeleriň ulanylmagy çagalaryň öwrenilýän temalary çalt özleşdirmeklerine ýardam edýär. Täze zatlary birnäçe gezek görkezmek, ýumuşlaryň dürli-dürlüligi, usullaryň görnüşleriniň gezekleşdirilmegi okuwçylarda sapaga bolan höwesini ýokarlandyrýar.
Matematika durmuşymyzyň islendik ugrunda hasaplamalary amala aşyrmaga, ölçemäge mümkinçilik berýär. Her bir işiň talabalaýyk bolmagynda matematika ylmynyň ähmiýeti uludyr. Şonuň üçin ösüp gelýän ýaş nesliň matematika babatynda düşünjeli, bilimli bolmagy döwrüň talabydyr.
Ýurdumyzyň ähli bilim edaralary bilen birlikde, ýokary okuw mekdeplerinde hem bilim berlişi sanly tejribäniň esaslary bilen birlikde sazlaşykly alnyp barylýar.
Eziz Diýarymyzyň bilim ojaklarynda matematika sapaklary boýunça kämil bilim alan türkmen ýaşlary bu ugurda halkara we ýerli ders bäsleşiklerinde hem oňat netijeler gazanýarlar. Golaýda, ýurdumyzda ilkinji gezek halkara matematika olimpiadasy guraldy. Arkadag şäherinde geçirilen halkara matematika olimpiadasynda Türkmenistan döwletimize wekilçilik edýän mekdep okuwçylarynyň mynasyp wekilçilik etmegi ýurdumyzda ylym-bilime, has takygy matematika ýaly ylmyň çuňňur ugurlaryna uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ajaýyp zamanda bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamaga, halal zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli her bir tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Parahat Taganow,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
Matematika usuly birleşmesiniň matematika mugallymy.