Mary etrabynyň Täze güýç geňeşliginiň çäginde 300 orunlyk Mary welaýat inçekesel hassahanasynyň açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe ajaýyp sowgat boldy. Açylyş dabarasyna Mejlisiň deputatlary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, welaýat, şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulular, talyplar gatnaşdylar.
Döwrebap saglyk merkezi 9 gektara golaý çäkde ýerleşip, onuň gurluşygy “Hil Merkez” hususy kärhanasy tarapyndan alnyp baryldy. Toplum ululy-kiçili desgalaryň 17-sini özünde jemläp, onda kabul ediş, maslahat beriş-anyklaýyş, şöhle bilen anyklaýyş, fizioterapiýa, bakteriologiýa, barlaghana, I-öýken, II-öýken, III-öýken, hirurgiýa, süňk-bogun, çagalar, anesteziologiýa we reanimasiýa, şypahana, dispanser, dolandyryş we hojalyk-tehniki hyzmat ediş bölümleri hereket edýär. Bu bölümleriň otaglary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Beýik Britaniýanyň, Daniýanyň, Germaniýanyň, Niderlandlaryň, Hytaýyň, Polşanyň, Russiýanyň, Şweýsariýanyň, Ýaponiýanyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň saglygy goraýyş enjamlary bilen enjamlaşdyrylypdyr. Olar ýokanç keselleri has irki döwürde takyk anyklamaga, degişli öňüni alyş-bejeriş çäreleriniň meýilnamasyny netijeli işläp düzmäge, näsagyň ýagdaýyna gözegçilik etmäge döwrebap mümkinçilikleri üpjün edýär.
Näsaglaryň hassahana ýerleşdirilmegi kabul ediş we maslahat beriş-anyklaýyş bölümleriniň üsti bilen amala aşyrylýar. Näsaglar barada maglumat almak sanly maglumat ulgamy arkaly ýerine ýetirilýär. Olardan alnan biologik materiallar bolsa pnewmatik wakuum kapsulasy arkaly barlaghana ugradylýar. Maslahat beriş-anyklaýyş bölüminde ýokary tehnologik enjamlar ornaşdyrylan hasaba alyş, iç keseller, newropatolog, endokrinolog, stomatolog, otolaringolog, akuşer-ginekolog, pulmonolog, urolog, hirurg, pediatr, oftalmolog, ambulator ftiziatr lukmanlaryň otaglary ýerleşdirilen. Fizioterapiýa bölüminde ornaşdyrylan ABŞ-nyň öňdebaryjy “Perry Baromedical Corporation” kompaniýasynyň lukmançylyk enjamy barokamera fizioterapewtik bejergilerini geçirmek üçin niýetlenendir. Bu enjamyň kömegi bilen geçirilýän bejerginiň netijesinde dokumalar kislorod bilen baýlaşdyrylyp, umumy gan aýlanyşygynyň gowulanmagy gazanylýar. Yzygiderli fizioterapewtik bejergileriň esasynda bolsa dokumalaryň işjeňligi çalt dikelýär we ýaralar tiz bitýär. Sagaldyş-dikeldiş otagynda ornaşdyrylan “Sport-TeC Gmbh” kompaniýasynyň enjamlar toplumy myşsalaryň güýjüni, hereketini dikeltmekde, deňagramlylygy gowulandyrmakda, spazmlary aýyrmakda, myşsalary berkitmekde, dem alşy kadalaşdyrmakda, şikesden we operasiýadan soň adam bedeniniň kadaly işlemegini gazanmakda uly ähmiýete eýedir.
Hirurgiýa bölüminiň operasion amallar otagynda Germaniýanyň “Aesculap” kompaniýasynyň torokoskop enjamlar toplumy gurnalyp, ol döş kapasasynda we plewral boşlugynda döreýän keselleri takyk anyklamaga, hirurgiki bejergileri geçirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem bölümiň otaglarynda öýken, süňk-bogun kesellerini bejermekde häzirki zaman hirurgiýa usullaryndan netijeli peýdalanmak üçin möhüm enjamlaýyn binýat döredilipdir. Umuman, hirurgiýa bölüminde çylşyrymly gaýraüzülmeler ýüze çykan ýagdaýynda hem näsaglarda bejeriş-dikeldiş operasiýalaryny geçirmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Hassahananyň hojalyk-tehniki hyzmat ediş bölüminiň binasynda naharhana, eşik ýuwulýan otag, awtomobil ulag jaýy, transformator, ýyladyş ulgamy, lukmançylyk galyndylaryny zyýansyzlandyrmak we ýok etmek üçin enjamlar toplumy, gipohlorid öndürmek üçin enjamlar toplumy, merkezleşdirilen kislorod öndüriji we paýlaýjy wakuumly ulgamlar ýerleşdirilendir.