DÜNÝÄ

Marsdan ses ýazgylary kabul edildi

“NASA” guramasynyň bäşinji marsohody ilkinji gezek Mars planetasyndan sesleri üstünlikli ýazga geçirdi we ýerdäki maglumat alyş nokadyna ugratdy. Bu barada “NASA” guramasynyň ylmy bölüminiň başlygynyň orunbasary Tomas Zurbuhen guramanyň laboratoriýasynda geçirilen onlaýn metbugat ýygnagynda habar berdi.

“Biz eýýäm Mars planetasyndan onlarça täze surat we ilkinji sesleri aldyk. Bu maglumatlaryň hemmesi  web sahypalarymyzda çap edildi ýa-da ýakyn wagtda çap ediler. Şowly alnan sesler diňe alymlary däl, eýsem sazandalary we sungat işgärlerini öz döredijilik işlerinde gyzyklandyrar” diýip, Tomas Zurbuhen nygtap geçýär.

Geljek aý marsohodyň ähli ulgamlaryny we ylmy gurallaryny synagdan geçirmek üçin sarp ediler. Soňra “Perseverance” atly marsohod gonan Ýezero kraterini we töweregini öwrenip başlar. Şol bir wagtyň özünde alymlar uçuşdan öňki ähli barlaglardan geçirip, Mars planetasyna ilkinji “Ingenuity” atly dikuçaryny uçurmagy maksat edinýärler. Wideo we ses taslamasynyň dolandyryjysy Deýw Gruel marsohodyň gonuş wagtynda ses ýazyp bilmändigini nygtap geçdi. Munuň sebäbi tenhologiýada ýerleşdirilen ses ýazgy enjamynda näsazlyklaryň ýüze çykandygy bellenildi.

Agamämmet BAÝLYÝEW,

Halkara ynsanperwer ylymlary we

ösüş uniwersitetiniň Žurnalistika hünäriniň talyby.

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz  düýn Kompýuterlerdäki  “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny  ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.

Ähli Söhbetdeşliklerimiz:

Suhan Orazberdiýew: — “Bagşy bolma, ýagşy bol!”

 

 

Ýene-de okaň

Tbiliside Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp futbol ýaryşy geçirildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbi tutuldy

Almatyda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi

Baku şäherinde “Oguz türkmenleriniň geçmişi, şu güni we geljegi” atly halkara ylmy simpozium geçirildi

Tailand gözeli – “Dünýä gözeli 2025” baýragyny gazandy