JEMGYÝET

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Şu gün Kuala-Lumpurda ilkinji gezek resmi saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Dato Seri Anwar Ibrahimiň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi.

Şol gepleşikleriň jemleri boýunça geçirilen metbugat ýygnagynda Malaýziýanyň Premýer-ministri Dato Seri Anwar Ibrahim türkmen akyldayr we şahyry Magtymguly Pyragynyň eserlerini malaý diline terjime edilýändigini habar berdi. Bu barada “Bernama” habarlar gullugy habar berýär.

Ol Magtymguly Pyragynyň eserleriniň malaý diline terjime edilmegi bilen Malaýziýanyň halkynyň beýik akyldaryň döredijiligi bilen ýakyndan tanyşmak mümkinçiligine eýe boljakdygyny aýtdy.

Şeýle hem Malaýziýanyň Premýer-ministri Dato Seri Anwar Ibrahim Türkmenistanyň Prezidentini üstümizdäki ýylda ürkmen akyldayr we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny belläp geçendikleri bilen gutlady.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri