SPORT

Mahaçew hem rekord goýdy hem-de çempionlyk guşagyny gazandy

Russiýaly garyşyk söweş sungaty boýunça (MMA)türgeni Yslam Mahaçew awstraliýaly Jek Della Maddalenany ýeňip, UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki çempionlyk guşagyna eýe boldy. “UFC 322” ýaryşy Nýu-Ýork şäherinde geçirildi.

Bütin bäş döwüň jemi boýunça eminleriň biragyzdan çykaran karary bilen duşuşyk tamamlandy.

Mahaçewiň ýaşy 34, onuň hasabynda indi 28 ýeňiş we 1 ýeňliş bar. Russiýaly türgeniň 16 duşuşykdan ybarat ýeňiş tapgyry bar, onuň ýeke-täk ýeňlişi 2015-nji ýylyň oktýabrynda braziliýaly Adrian Martins bilen bolan çykyşynda bolupdy.

Ol 2022-nji ýylyň oktýabryndan 2025-nji ýylyň maýyna çenli UFC-niň ýeňil agram derejesindäki çempionlyk guşagyna eýelik etdi.

Yslam Mahaçew UFC — Absolýut göreş çempionatynyň iki agram derejesinde çempionlyk guşagyny gazanan Russiýanyň ilkinji wekili boldy.

Şeýle hem russiýaly Yslam Mahaçew UFC — Absolýut göreş çempionatynda ýeňiş tapgyrynyň dowamlylygy boýunça braziliýaly Anderson Silwanyň rekordyny gaýtalady.

29 ýaşly Della Maddalena bolsa MMA-da 18 ýeňşe garamazdan, 3-nji gezek ýeňildi. Awstraliýaly UFC ýaryşlarynda ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy, onuň mundan öňki ähli 8 duşuşygy ýeňiş bilen tamamlandy.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi