Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Magtymgulynyň gadamy düşen gowagy

Gäwers obasynyň golaýynda gojaman Köpetdagyň bir ýan gerşi uzakdan-ýakyndan seretseň hemişe garalyp dur. Oba bilen gara dagyň arasy o diýendaş hem däl. Oba adamlary ýylyň bütin paslynda diýen ýaly şol töwerekde mallaryny bakýar hemem dagdan syzylyp çykýan çeşmeden peýdalanýarlar. Joşup-joşup bahar gelende dagy, ol ýerler ýaşyl mahmala bürenýär. Gül-gülälekleriň ysy, mal-gara üçin ýaramly bolan ot-çöpleriň tagamy mallaryň inini-boýuny alyp, ýüňlenip, süýtlenmegine ýardam edýär.

Bu ýerde adamlary gyzyklandyrýan esasy zat, gara dagyň obalaryna kölegesiniň  düşýänligi däl-de, şol dagyň göwsünde äpet gowagyň ýatanlygy.

Aýdyşlaryna görä bir döwürler Beýik Ýüpek ýolunyň ýörgünli mahaly, Mary ilinden gaýdan kerwenler her sapar şol gowakda düşlär ekenler. Bir gezek geçip barýan kerwen bilen Magtymguly Pyragam şol gowakda düşläpdir. Şondan bärem şol gowagyň ady beýik söz ussady bilen baglanyşdyrylyp “Magtymguly gowagy” diýen at halk arasynda ýörgünli bolupdyr.

Gowagyň içinde pesinden ýedi-sekiz düýe çöküp oturyp biljek. Ýöne oňa  çykmak kynyrak. Sebäp ol dagyň göni ortarasynda ýerleşýär.

Gowagyň Magtymgulynyň adyny götermegi, dury suwly akar çeşmäniň akyp durmagy adamlaryň göwnüni göterýär.

Oba adamlary ir döwürler ol gowagyň içinde diwanamy, derwüşmi bir adamyň ýaşandygyny aýdýarlar. Kimem bolsa ol, okumyş adam bolupdyr. Gündüzlerine hiç ýere çykman, uzakly gün Magtymgulynyň köne kitabynyň  gatyny agtaryp oturypdyr. Gijelerine bolsa oduň yşgyna nämedir bir zatlar ýazypdyr.

Başga ol adam hakda hiç zat bilinmändir. Diňe sygyrlaryny bakmaga gidýän oglanjyklar onuň ýadaw dünýäniň ýüzüne seredip oturanyny görüpdirler. Çeşmeden suw almaga gelýän zenanlar bolsa onuň haýsydyr bir gamgyn hem-de düşnüksiz hiňlenýänini eşidipdirler.

Bir gezek mal bakyp ýören oglanjyklar boragandan gaçyp gowaga giripdirler. Görseler gowagyň bir künjünde gury odun üýşürilip durmyş. Muny gören oglanlar oduny otlap çoýunyp, eşiklerini guradypdyrlar. Ýagyş diňenden soň, olar gowakdan çykyp gidibermekçi bolanlaryda, ýerden çykan ýaly şol goja kişi peýda bolup oglanlara şeýle diýipdir.

─ Siz gowaga gireniňizde, üşäp gelen adama odun goýlupmy? Indi siz hem şeýdip odun getirip goýmaly. Sebäbi, ýene-de kimdir biri siziň ýaly gyssanyp girende ýylanar ýaly…

Oglanlar biri-biriniň ýüzüne seredişipdirler. Soňam hersi bir goltuk oduny getirip gowagyň içinde goýupdyrlar.

Bir günem kimdigi näbelli bolan goja kişi zym uçan ýaly bolupdyr. Gaýdyp ol hiç haçan köwlenmändir. Körekselenip ýanýan ot bolsa, soňam uzak wagtlap sönmän durupdyr.

Ýene kimdir biriniň gowaga eýeçilik etmegini isläp, oba adamlary uzak wagtlap ody söndürmän saklapdyrlar. Ýöne soň oňa eýe çykan tapylmandyr. Oňa derek gowagyň içine girseň, durnalaryň uzakdan eşidilýän çagyryjy sesi, kerwen jaňynyň ýaňy eşidilýän ýaly bolup duranmyş.

Meniň dag ýurduny ─ gowagy birinji görşüm. Bu biziň gözümiziň öwrenşen sähralary ýaly däl. Daş-töwerek gara daşlar. Göwnüňe bar ýeri lal açan daşlar eýelän ýaly. Ýüregiňe ýalňyz teselli berýän zat, şol belent daglaryň üstünde, heniz keýikleriňem aýagy sekilmedik ýerde bürgüt guşlarynyň mekan tutanlygy. Hemem oba tarap akýan ujypsyzja çeşme suwy.

Çeşme ─ oba adamlarynyň atlandyryşy ýaly güzeran suwy gaty köp ýyllardan bäri, dagy gysmyljyrap oturan bu kiçijik obany agyz suwy bilen üpjün edipdir. Soň, uzak ýyllardan soň, onuň akabasy guran derejä ýetipdir. Ýöne onda-da ol, bahar aýlary özüniň mähriban dilinde gepläp ─ şildiräp il-güni begendiripdir.

Han-ha gowak gara dagyň göni göwsünde hoňkaryp dur. Hamana äpet balyk suwdan çykypdyr-da uly agzyny açyp bir zady ýuwutmaga taýyn bolup duran ýaly.

Men gowagyň içine girmäge näçe heder etsemem kerwen jaňynyň sesini eşitmek üçin onuň içine girdim. Ýöne näçe diň salsamam jaňyň sesi eşidilmedi. Oňa derek men başga bir zada begendim. Gowagyň künjeginde bir goltuk odun durdy, gapdalyndada köne kitap.

“Magtymguly gowagy” atly bu täsin gowak gadymy Ahalyň Gäwers obasynyň göni maňlaýynda ýerleşýär. Hyýalymda häzir onuň öňünden hatar-hatar bolup Beýik Ýüpek ýolunyň ugruny syryp kerwenler ötüp barýar…

                                                                                  Täjigül MYRADOWA,

TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň kiçi ylmy işgäri.

 

Bellik: Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny şöhratlandyrmak, ýaşlary akyldar şahyra bagyşlanan kämil eserleri döretmäge höweslendirmek maksady bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly döredijilik bäsleşiginden ötüri “galam hakly” döredijilik işini yglan edýär. Emeli Intellektiň mümkinçiliklerinden peýdalanyp geçirilýän döredijilik işi “Ak Tam” hojalyk jemgyýetiniň hemaýat bermeginde geçirilýär.

Şeýle hem ýakyn wagtda saýtymyzdan bu makalany iňlis we türk dillerinde  okap bilersiňiz. Emeli intellektiň üsti bilen ýörite wideo taýýarlap, “Atavatan Tv Youtube” kanalyna we www.atavatantv.com saýty bilen dünýäniň tomaşaçylar köpçüligine ýetireris. 

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet baradaky taglymaty

Pyragy iňlisçe şirin ýaňlanýar

Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda keramatly şahslar barada

Ata Watan Eserleri

Magtymguly Pyragynyň şygyrlary milli terbiýäniň pähim akabasy

Magtymguly – telekeçi şahyr

Baky gelen ýok diýseler ynanmaň!