Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemäge giňden taýýarlyk görülýär. Pähim-paýhasa eýlenen şahyrana döredijiligi bilen dünýä edebiýatyny hem edebi mirasyny baýlaşdyran Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsi, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň ykbalyna dahylly meselelere seslendi. Akyldar şahyryň dünýewi garaýyşlaryny, döredijiligindäki filosofiki pikirlerini, halkyň milli dünýägaraýşynyň kemala gelmegindäki hyzmatyny Garaşsyzlyk döwrüniň ylmy nazaryýeti esasynda öwrenmek wajyp wezipeleriň biri bolup durýar. Şahyryň döredijiliginden watançylyk, agzybirlik, halallyk ýaly oňat häsiýetler eriş-argaç bolup geçýär.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli daşary ýurtlarda dürli medeni we edebi çäreleri geçirmek, dürli ýurtlardan akyldaryň eserlerine, türkmen halkynyň milli mirasyna degişli golýazmalary toplamak, şahyryň daşary ýurt dillerine terjime edilen eserlerini neşire taýýarlamak hem-de çap etmek bilen bagly işler alnyp barylýar. 2024-nji ýylyň türki dünýäde «Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan edilmegi türkmeniň beýik ogluna goýulýan sarpanyň beýany bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýokary baha berip: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýýär. Nesillerde mukaddes Watana, öz milletiňe, adamzada bolan belent häsiýetleri terbiýelemekde, halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmekde, jemgyýetimiziň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşini gazanmakda Magtymgulynyň edebi mirasy ägirt uly ähmiýete eýedir.
Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän çäreler şol mirasyň giňden dabaralanmagyna ýardam etmek bilen, hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, dost-doganlygyň berkidilmegine hem uly goşantdyr.
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek hakynda ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlarynyň biragyzdan goldanylmagy beýik söz ussadyna goýulýan belent sarpanyň güwäsidir.
Dünýä edebiýatynyň göwher gaşyna deňelýän Magtymgulynyň şygryýet dünýäsine bolan gyzyklanma diýseň uludyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň mertebesi has-da belende göterildi. Bütin dünýäde mynasyp derejede ykrar edilmegi we sarpalanmagy üçin beýik akyldarymyzyň edebi mirasyny öwrenmek, eserlerini dünýä dillerinde okyjylar köpçüligine ýetirmek ýola goýuldy.
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň mynasyp öwrenilmegi netijesinde häzirki güne çenli şahyryň ömür ýoluna we döredijiligine degişli ençeme gymmatly işler edildi. Türkmen halkynyň kalbynyň töründe orun alan Magtymguly Pyragy özüni tutuş dünýäde tanatmagy başaran beýik türkmen şahyrydyr, alymydyr.
Resulberdi Ataýew, TOHU-nyň mugallymy.