2024-nji ýylyň Gahryman Arkadagymyzyň ylham joşgunyndan ugur alnyp we tutuş halkymyzyň isleg-arzuwy göz öňünde tutulyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy mekdebimiziň mugallymlarynyň we okuwçy ýaşlarynyň kalplaryna egsilmez şatlygy bagyşlady.
Magtymguly Pyragynyň ynsanyň ýaraşykly gylyk-häsiýetleri ündäp, öwmek bilen bir wagtda, ynsanlara ýaraşyksyz we zyýan ýetirji edim-gylymlary yzygiderli hem berk ýazgarmak arkaly, il-güni terbiýelemekde, olary ruhy taýdan gözel geljek üçin taýýarlamakda alyp baran işi has-da ähmiýetli hem deňi-taýy bolmadyk derejede ulydyr.
Magtymguly atamyzyň agzybirlik, Berkarar döwlet baradaky öwüt-ündewleri onuň goşgularynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Türkmeniň bir bitewi döwletli bolmagy baradaky pikirler hem-de arzuw-umytlar Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde uly orny eýeleýär. Akyldar şahyrymyzyň:
Gurdugym aslynda, bilgil, bu Zeminiň myhydyr,
Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy
— diýen setirlerinde ata Watanyň döwlet berkararlygyny, il-günüň erkinligini isläp öten pederlerimiziň köňül arzuwlarynyň beýany bar.
Beýik akyldar Magtymgulynyň döredijiliginde durmuşy goşgular esasy orunlaryň birini eýeleýär. Magtymguly ýaman häsiýetleri ýazgarmak bilen, erbetlikleri tertibe salmaga synanyşypdyr. Şahyr gelin-gyzlaryň edepli, päkize, mylaýym bolmagyny isläpdir, ata-enäni sylamaýan, hapysa gelin-gyzlary ýazgarypdyr.
Magtymguly “Janyna degmez”, “Durasyň geler”, “Ýör biläni”, “Il ýagşy”, “Zor bolar”, “Bolar sen””, “Aýrylma” ýaly goşgularynda döwürdeşlerine asylly terbiýe bermek, olaryň mert, ar-namysly bolmaklaryny nesihat edip, binamys, namartlary ýaňsa alypdyr. Akyldar şahyr Magtymguly gelin-gyzlaryň akylly, pähimli edepli bolmaklaryny isläpdir, olaryň mertebesini ýokary tutupdyr. Bu barada “Durasyň geler” diýen goşgusynda çeper beýan edýär.
Magtymguly atamyz dostluk, söýgi temasyndan hem birnäçe goşgy ýazypdyr. Bu temadan onuň “Gözel sen”, “Gülzardan aýryldym”, “Uýat eýleýir”, “Bu derdi”, “Boýlaryňa”, ýaly ençeme goşgulary bar. Ol gelin-gyzlaryň durmuşda uly hormata, söýgä mynasyp bolmalydyklaryny nygtamak bilen, olaryň owadanlyklaryny “Gözel sen” şygrynda şeýle taryplap geçipdir.
Beýik şahyrymyz Magtymgulynyň eserleri durmuşyň dürli taraplaryny öz içine alýar. Magtymgulynyň döredijiligini örän oňat bilýän, gündogary öwreniji E.E.Bertels ony Jemşidiň jamy bilen deňeşdirýär. Jemşidiň jamy ýaly, Magtymgulynyň döredijiliginden hem islän zadyňy, bilmek isleýän meseläňi tapmak bolýar.
Hormatly Prezidentimiziň beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny halkara derejesinde belläp geçmek baradaky Kararyny türkmen halky uly şatlyk bilen garşylady. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe beýik akyldaryň merdana ömri ýaş nesli watançylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde nusgalyk mekdepdir.
Ata Watanymyzda gazanylýan şanly ösüşler, her günki ýetilýän belent sepgitler hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işler bolsa biziň esasy ruhy gönezligimiz we ylham çeşmämizdir.
Aýjemal Rahmedowa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
Mekdep hem-de mekdebe çenli pedagogika we psihologiýa
usuly birleşmesiniň Mekdebe çenli bilim we terbiýe mugallymy.