SIZDEN GELENLER

Magnit Hadysasy Näme?

Biziň teleýaýlymlarymyzda gündelik tomaşa edýän “WATAN” habarlar gepleşiginiň jemlenmesinde ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde howanyň ýagdaýy we şol günüň magnit hadysasy barada Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň maglumatlary tanyşdyrylýar.

Eýsem, magnit hadysasy näme? Ol nämäniň netijesinde döreýär? Ýaş meteorolog hökmünde hem-de edebiýat çeşmelerimiziň berýän maglumatlaryny Size ýetirmegi özüme müwessa bildim. Çünki bu sorag elbetde hemmäni gyzyklandyrýan bolsa gerek.

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, Ýer togalagy Gün ulgamynda ýerleşýän 9 planetanyň biri bolup durýar. Gün we onuň täsiri netijesinde älem giňişliginde dürli hadysalar bolýar. Şol hadysalaryň biri-de täsirli magnit hadysasydyr. Günüň işjeňligi artan ýagdaýynda, Günde uly göwrümde alawlamalar emele gelýär. Gün alawy elmydama hereketde bolup durýar. Günüň alawlamagy esasynda emele gelýän akym, Ýeriň magnit meýdanynyň durnuksyz ýagdaýda bolmagyna getirýär.

Ýeriň daş-töweregini gurşap alýan ýokary tizlikli Gün alawynyň tolkunynyň netijesinde täsirli magnit hadysasy döräp bilýär. Magnit hadysasynyň durnukly, gowşak, aram, güýçli, örän güýçli we adatdan daşary ýokary täsirli görnüşleri bar. Täsirli magnit hadysasy diňe bir Ýer togalagyna hem-de atmosfera howa gatlagyna täsir etmek bilen çäklenmän, eýsem adamlara we olaryň saglygyna hem täsir edýär.

Magnit hadysasynyň täsir edýän günleri howanyň çyglylygyna, basyşyna, magnit meýdanynyň dartgynlygyna duýgur adamlarda ýaşyna garamazdan, gowşaklylyk, tiz ýadamak, ünsüň peselmegi, kellagyry, baş aýlanma, ukusyzlyk, göwnüçökgünlik ýaly alamatlar ýüze çykýar. Magnit hadysasynyň täsir edýän günleri, esasan hem, ýokary gan aýlanyşynda bozulmalar bolan adamlar öz saglygyna has ünsli bolmaly. Sebäbi magnit hadysasynyň täsir edýän günleri adam bedeninde ownuk damarlarda gan aýlanyşynyň peselmegi, ganyň az-kem goýalmagy, gandaky holesteriniň derejesiniň ýokarlanmagy netijesinde dokumalarda kislorodyň ýetmezçiliginiň ýüze çykmaklygy bolup bilýär.

Şeýle hadysa bolan günlerinde adamlara

  • Güýçli fiziki agramlardan gaça durmak;
  • Nerw dartgynlygyndan goranmak;
  • Ýagly, duzly, ýiti tagamly iýmitleri çäklendirmek;
  • Täze taýýarlanan miwe we gök önüm şirelerini içmek;
  • Ýeterlik mukdarda arassa suw içmek;
  • Zähmeti dynç alyş bilen utgaşdyrmak;
  • Ýeňil fiziki maşklary ýerine ýetirmek;
  • Rahatlandyryjy derman otlaryny ulanmak maslahat berilýär.

Ýeriň magnit hadysasynyň ýüze çykýan günlerinde ýürek gan-damar, nerw ulgamynyň keselleri bolan näsaglaryň howanyň ýagdaýynda has ünsli bolup, üýtgeşmeler ýüze çykan ýagdaýynda maşgala lukmanyna ýüz tutmagy hökmandyr. Çünki saglyk – iň gymmatly baýlyk. Ony goramak biziň her birimiziň borjumyzdyr.

 

BAÝGELDI ÇARYÝEW,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň

meteorologiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

“Hakyda göwheri” – paýhas düri

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri