JEMGYÝET

“Lukoýl”: Türkmenistana maýa goýmaga uly gyzyklanma bldirýär

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy. Hazar sebitiniň ýangyç serişdelerini özleşdirmek ara alnyp maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy.

Şu babatda hukuk kadalaryna esaslanýan ylalaşykly halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak hem-de birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgeleri möhüm ähmiýete eýedir.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň ýanwar aýynda gol çekilen Hazar deňzinde “Dostluk” uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp taýýarlamak hem-de özleşdirmek hakynda Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama netijeli hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Myhman hormatly Prezidentimize “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýurdumyzda alyp barýan işleri, şol sanda Hazarda taslamalary durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berip, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça teklipleri beýan etdi.

Duşuşykdan soňra russiýaly işewür habarçylara beren beýanatynda, Türkmenistanyň Prezidenti bilen örän netijeli duşuşygynyň bolandygyny belledi. Wagit Alekperow Hazar deňziniň giňişligindäki ýataklary işläp täýýarlamak bilen baglanyşykly taslamalaryň durmuşa geçirilişiň barşy barada hasabat berdi.

Ol Türkmenistanyň Prezidenti bilen Merkezi Aziýada bolşa ýaly, dünýä derejesinde-de emele gelýän gaz bazarynyň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşandyklaryny belledi.

“Lukoýl” kompaniýasy Türkmenistanda giň gerimli taslamalary amala aşyrmaga, maýa goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini bellän Wagit Alekperow ýakyn wagtda Türkmenistanyň çäklerinde ýangyç-energetika taslamalaryny ösdürmäge mümkinçilik berjek täze taslamalary tapyp biljekdiklerine, iki tarapa hem bähbitli hyzmatdaşlygyň has-da ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

 

“Apple” kompaniýasy täze önümlerini çykardy

Ýene-de okaň

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy bellendi

Azerbaýjanyň sowgat beren “Dostluk” atly gämisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar