SPORT

“Liwerpul” topary Angliýanyň çempionatyndaky rekordy gaýtalady

Angliýanyň “Premýer liga” futbol çempionatynyň düzüminde çykyş edýän “Liwerpul” topary 9:0 hasabynda uly hasaply ýeňiş gazandy. Angliýanyň çempionatynyň 4-nji tapgyrynda öz meýdançasynda “Bornmut” topary kabul eden “Liwerpul” topary 9:0 hasaply ýeňşi bilen Angliýanyň çempionatyndaky rekordy gaýtalady.

Şu wagta çenli bu topar garşydaşlaryny 9 aratapawutly gol bilen 2 gezek ýeňip görüpdi. Olaryň ilkinjisi 1899-njy ýylda amala aşypdy. Şonda “Liwerpul” topary “Roterhem Taun” toparyny 10:1 hasabynda utupdy.

Şondna soňra 1989-njy ýylda bolsa, “Kristal Pelas” toparyny 9:0 hasabynda utupdy.

Angliýanyň “Premýer liga” diýlip atlandyrylan futbol çempionatynda 9:0 hasaply ýeňiş rekordyny ilkinji gezek “Mançester Ýunaýted” topary goýupdy. Bu topar 1995-njy ýylda “Ipswiç” toparyny 9:0 hasabynda utdy.

Umuman, Angliýanyň “Premýer liga” çempionatynda şeýle ýagdaýa 4 gezek duş gelindi. 1995-nji ýylda 9:0 hasaply ýeňiş gazanan “Mançester Ýunaýted” 2021-nji ýylda “Sautgempton” toparyny hem 9:0 hasabynda utupdy. Mundan başga-da, “Lester” topary 2019-njy ýylda “Sautgempton” toparyny şu hasap bilen ýeňipdi.

Şeýle üstünligi “Liwerpul” topary hem gaýtalamagy başardy. Bu toparyň düzüminde Luis Diaz we Firmino 2 gezek, Elliot, Arnold, Wirjil wan Deýk we Fabio Karwalýo tapawutlandy.

“Liwerpul” toparynyň düzümindäky 19 ýaşy Harwi Elliot bolsa, Angliýanyň milli çempionatyndaky ilkinji goly geçirmegiň şatlygy göz ýaşlary bilen gutlady.

 

Related posts

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Dubaýda okuw-türgenleşigini geçirer

Sport taryhyndaky iň uly şertnama

Entoni Joşua – Kubrat Pulew tutluşygy

Ata Watan Eserleri