SPORT

Lionel Messi Maýamidäki kaşaň jaýyny satýar

600 million dollar baýlygy bolan Fransiýanyň “Pari-San-Žermen” toparynyň argentinaly ýyldyzy Lionel Messi ABŞ-nyň Maýami şäherindäki kaşaň jaýyny 7 million dollara satuwa çykardy.

34 ýaşly argentinaly dünýä belli futbolçy 2015-nji ýylda “Porsche Design” rezidensiýasyndaky iki sany owadan jaýyny 5 million dollara satyn alypdy. Jaýy satyn alaly bäri ulanmadyk Messi häzirki wagtda Fransiýanyň Pariž şäherinde ýaşaýar.

Messi geçen ýylyň aprel aýynda 7,3 million dollara bu jaýynyň gapdalynda başga bir kaşaň jaý satyn aldy.

Meşhur futbolçynyň satuwa çykaran kaşaň jaýynda dört ýatylýan otag we bäş sany hammam bar. 300 inedördül metrlik jaýyň äpet penjirelerinden ummana syn edip bolýar. Jaýyň içinde iki awtoulag üçin garaža çykýan awtoulag göteriji lifti bar.

Akylly öý ulgamy bilen enjamlaşdyrylan bu jaý howuz, sport otagy we kinoteatry hem öz içine alýar. Wirtual oýun otagy, dellekhana we hususy restoran 51 gatly binanyň aýratynlyklaryndan biridir.

 

Katarly şeýhler Russiýa aralaşýar

Ýene-de okaň

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri

Tramp Messi bilen duşuşdy: “Belki Peleden has gowusyň?”