Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işine ýokary baha berdi. Bu barada ol “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahatyndaky çykyşynda beýan etdi.
«Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň işi diňe Türkmenistandaky çagalary goldamak bilen çäklenmän, eýsem bütin dünýä üçin hem ynsanperwer ähmiýete eýedir. Bu, jemgyýetiň ösüşine hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen durmuş ugurly başlangyçlarynyň nähili netijeli bolup bilýändiginiň görnükli mysalydyr» diýip, belledi.
Onuň aýtmagyna görä, gaznanyň işi giň gerimli maksatnamalary öz içine alýar: çagalaryň hukuklaryny goramak, lukmançylyk we bilim beriş goldawy, şeýle hem maşgala we medeni gymmatlyklary ösdürmek. Leýla Aliýewanyň bellemegine görä, şeýle başlangyçlar durmuş ugurda netijeli işiň möhüm mysallarynyň biridir we deňlik hem-de ynsanperwer kömek ideýalarynyň ilerlemegine ýardam berýär.
Leýla Aliýewanyň çykyşynda durmuş goraglylygy pudagynda halkara tejribe alyşmagyň we hyzmatdaşlygyň ähmiýeti, şeýle hem çagalaryň we maşgalalaryň durmuşyny gowulandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary goldamagyň zerurlygy aýratyn bellenildi.
Şeýle hem wise-prezident Leýla Aliýewa häzirki döwür jemgyýetiniň gurluşynda zenanlaryň paýyna düşýän ornuň aýratyn möhümdigini nygtady.
«Zenanlar jemgyýetiň ösüşine uly goşant goşýarlar — olar telekeçi hökmünde hem, medeni täzelikleriň döredijileri hökmünde hem öňe çykýarlar. Bu bolsa biziň ösüşimiziň we öňegidişligimiziň görkezijisidir» diýip, aýtdy.
Aliýewanyň bellemegine görä, gaznanyň esasy wezipesi — zenanlaryň öz başarnygyny açyp görkezmegi we durmuşa geçirmegi üçin degişli şertleri döretmekdir. Ol gaznanyň zenanlary goldamaga we jemgyýetiň ösüşine gönükdirilen maksatnamalaryna aýratyn üns berdi.
Leýla Aliýewanyň çykyşynda zenan ýolbaşçylygynyň ähmiýeti, medeni we bilimi beriş başlangyçlarynyň goldanylmagy hem-de ynsanperwer ugurdaky halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm orny nygtaldy.
