Frenk Lempard Angliýanyň milli çempionatynda çykyş edýän “Ewerton” toparynyň tälimçisi wezipesinden boşadyldy. Bu barada iňlis metbugaty habar berýär.
– Toparyň ýolbaşçy düzümi Lempardy toparyň baş tälimçisi wezipesinden boşatmak barada karara geldi – diýip, metbugat beýanatda mälim edilýär.
Lempard bu wezipä 2022-nji 31-nji ýanwarynda bellenipdi we onuň şertnamasynyň möhleti 2024-nji ýylyň iýunyna çenlidi. Lempard toparyň düzüminde 44 duşuşykda tälimçi bolup, 12 ýeňiş gazandy.
“Ewerton” topary Angliýanyň milli çempionatynda 15 utuk jemläp, 19-njy orunda barýar.
Lempard mundan ozal, “Derbi Kaunti” we “Çelsi” toparlaryna tälim ýerdi. Ol futbolçy hökmünde “Çelsi” toparynyň düzüminde 2001-2014-nji ýyllar aralygynda çykyş etdi. Şol döwürde Angliýanyň çempiony boldy, 4 gezek Angliýanyň kubogyny gazandy. Mundan başga-da, Lempard 2011/12-nji möwsümde Çempionlar ligasynyň we 2012/13-nji möwsümde bolsa, Ýewropa ligasynyň çempiony boldy.
Lempard “Çelsi” toparynyň taryhynda iň köp gol geçiren futbolçylaryň biridir. Ol mundan başga-da, “West Hem”, “Mançester Siti”, şeýle hem “Nýu-Ýork Siti” toparlarynda çykyş etdi.