DÜNÝÄ

Lebap welaýatynda täze elektrik stansiýasy ulanmaga berildi

Şu gün ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň baýramçylygynyň öňüsyrasynda Lebap welaýatynda Ýaponiýanyň “Sumitomo Corporatıon” kompaniýasynyň gatnaşmagynda gurlan täze elektrik stansiýasy ulanmaga berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde gurlan täze elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow, Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Kiýoşi Ejimanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdy.

 

ÝAPON TEHNOLOGIÝALY ILKINJI DESGA

Çärjew etrabynda gurlan täze elektrik stansiýanyň gurluşygyna “Sumitomo Corporatıon” kompaniýasy 2018-nji ýylyň noýabr aýynda girişdi. Bu ýerde Ýaponiýanyň meşhur “Mitsubishi Power, Ltd.” kompaniýasynyň gaz turbinaly enjamlary bilen enjamlaşdyryldy.

Ýurdumyzyň elektrik energetika pudagynyň taryhynda bu kompaniýanyň tehnologiýalary ilkinji gezek ulanylýar.

ELEKTRIK STANSIÝASYNA ÝOKARY SYLAGLAR

Çärjew etrabynda işe girizilen täze elektrik bekedinde Merkezi Aziýada ilkinji bolup, «Sumitomo Corporation» we «Mitsubishi Power, Ltd» tarapyndan üpjün edilen gaz turbinalarynyň ulanylýandygy barada şahadatnama gowşuryldy.

Şonuň ýaly-da, desganyň ekologiýa taýdan durnukly hem-de öňde baryjy tehnologiýaly elektrik stansiýasydygy baradaky laýyklyk sertifikaty hem berildi.

 TÄZE DESGANYŇ KUWWATY 432 MEGAWATA DEŇDIR

Täze desganyň umumy kuwwaty 432 megawata barabardyr. Desgada «Mitsubishi Power, Ltd» ýapon kompaniýasynyň üç sany gaz turbinasy oturdyldy. Olaryň her biriniň kuwwaty 144 megawata barabardyr. Bu turbinalar ekologiýa taýdan durnuklylygy hem-de öňde baryjy tehnologiýalar ulanylyp öndürilendigi bilen tapawutlanýar.

Şeýlelikde, Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň kuwwaty 581,2 megawatta çenli ýokarlandy.

ELEKTRIK ENERGIÝASYNYŇ EKSPORTUNY ARTDYRMAGA MÜMKINÇILIK BERER

Lebap welaýatynda gurlan täze elektrik stansiýasy Merkezi Aziýa ýurtlaryna, şol sanda Özbegistana, Gyrgyzystanda we Owganystana elektrik energiýanyň iberilişiniň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.

 

Pagta ýygymyna badalga berilýär

Ýene-de okaň

Aşgabatda Eýranyň Ýalda baýramçylygy bellendi

Özbegistan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

“Financial Times” Donald Trump-y ýylyň şahsyýeti yglan etdi

Özbegistan 300 taslama üçin 43 milliard dollar gönükdirer

Eýranyň Prezidenti 11 ýyldan soňra Müsüre bardy

Putin: Tramp bilen duşuşmaga taýýar