SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Koronawirus sebäpli çäklendirmeleri gowşadýar

Beýik Britaniýanyň hökümeti koronawirusyň “omikron” görnüşi sebäpli girizilen käbir çäklendirmeleri ýatyrmagy göz öňünde tutýar. Bu barada ýurduň Premýer-ministri Boris Jonson Beýik Britaniýanyň parlamentiniň Jemgyýetçilik palatasynda eden çykyşynda belläp geçdi.

– Indiki hepdeden başlap, ozal girizilen öňüni alyş çäreleri ýatyrylar – diýip, britan hökümetiniň ýolbaşçysy belledi. Hökümet käbir köpçülikleýin çärelere gatnaşanda doly sanjymyň elektron şahadatnamasyny görkezmek üçin hökmany talaplary we iş berijilere işgärleri uzakdan işlemek baradaky çäklendirmeleri aradan aýyrýar.

Mundan başga-da, Jonson hökümetiň hökmany agyz burun örtügini dakynmagy talap edip durmajakdygyny belledi.

Bu çäklendirmeleri gowşatmak işi Beýik Britaniýanyň ilatynyň 85 göterimini tutýan, diňe bir Angliýada däl, eýsem beýleki administratiw-syýasy bölekleri hem öz içine alýar. Şotlandiýa, Uels we Demirgazyk Irlandiýa çäklendirmeler babatda özbaşdak karar kabul ederler.

Şotlandiýanyň birinji ministri Nikola Steržen “omikron” görnüşi sebäpli girizilen çäklendirmeleri ýatyrmagy göz öňünde tutýandyklaryny belledi.

Boris Jonson koronawirus ýokanjynyň endemik kesele öwrülip barýandygyny belläp, öz-özüni goramak babatdaky hökmany talaby hem üýtgetmegiň zerur bolup durýandygyny belledi. Bu baradaky talabyň 24-nji martda öz güýjüni ýitirýändigini belläp, şondan soňra möhletini uzaltmaga zerurlygyň ýokdugyny belledi.

Häzirki wagtda koronawirus barlagynda položitel netije alan britan raýatlary 5 gün karantin çärelerine tabyn tutulýar. Ozal bu möhlet 7 gün bolup, ol hem köp sanly hyzmat pudagynda işgärleriň ýetmezçiligi sebäpli 5 güne çenli azaldylypdy.

Beýik Britaniýada 12 ýaşdan uly bolan ilatyň 83,4 göterimi sanjymyň 2 dozasyny hem aldy. Şeýle hem 12 ýaşdan uly bolan raýatlaryň 63,6 göterimi buster sanjymyny hem kabul etdiler.

 

20-nji ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Ýaponiýa göni howa gatnawlary barada maslahat etdi

Astrahan Türkmenistan bilen uçar gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

“S7” awiakompaniýasy Moskwa-Aşgabat-Moskwa ugry boýunça howa gatnawlary ýerine ýetirip başlady

Aşgabat-Stambul-Aşgabat gatnawynda bilet arzanladyşy

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy bir hepdelik wiza resmileşdirmegi togtadýar

Türkmen lukmanlary halkara tejribesini artdyrýarlar

Ata Watan Eserleri