DÜNÝÄ

Koronawirus barada film surata düşüriler

Golliwudda koronawirus barada filmiň surata düşüriljekdigi mälim edildi. Bu babatda degişli işler ýerine ýetirilip başlandy. Filmiň esasy mowzugy Hytaýyň Uhan şäheriniň lukmanlarynyň täze görnüşli koronawirus pandemiýasy döwründäki iş şertlerini açyp görkezmekden ybarat bolar. Filmiň ssenariýasynyň awtory Çarlz Rendolf bolar. Ol “Oskar” baýragynyň eýesi. Filmi surata düşürmek işi bilen “SK Global Entertainment” meşgullanýar.

Bu barada “The Wall Street Journal” neşiri habar berýär. Häzriki wagtda filmi surata düşürmek işleri Golliwudda alnyp barylýar. Hytaýdaky şekilleri 2021-nji ýylyň başlarynda surata düşürmek göz öňünde tutulýar. Filmiň haçan görkezilip başlanjakdygy barada maglumat berilmedi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistan-Ýaponiýa: suwuklandyrylan gazdan gelium gazyny öndürmek maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň oba hojalyk ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Russiýadaky Halkara ulag-logistika forumyna gatnaşýar

Türkmenistan Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi