BILIM

Koreýanyñ ilçihanasy talyp hakly magistrlik we doktorlyk maksatnamalaryna kabul edilşik barada yglan etdi

Türkmenistandaky Koreýa Respublikasynyñ ilçihanasy 2025-nji ýyl üçin Döwlet talyp hakly magistrlik maksatnamasyna arzalaryñ kabul edilip başlandygyny habar berýär. Seçip alma Koreýa Respublikasynyñ Bilim ministrliginiñ ýanyndaky Milli halkara bilim instituty (NIIED) tarapyndan amala aşyrylýar.

Maksatnama bir ýylyñ dowamynda koreý dilini öwrenmek boýunça okuwlary, soñra bolsa aşakdaky esasy okuw maksatnamasyny göz öñünde tutýar:

magistrlyk üçin – 2 ýyl;

doktorlyk üçin – 3 ýyl.

Bäsleşik esasynda 6 dalaşgär saýlanar, olara 14-nji martdan soñ habar ediler. Dalaşgärlere bildirilýän talaplar: 40 ýaşa çenli (1985-nji ýylyñ 1-nji sentýabryndan soñ doglanlar) Türkmenistanyñ raýatlary arzalary tabşyryp biler:

magistrlik üçin – bakalawr derejesine eýe bolanlar ýa-da ony 2025-nji ýylyñ 31-nji iýulyna çenli aljaklar;

doktorlyk üçin – magistr derejesine eýe bolanlar ýa-da ony 2025-nji ýylyñ 31-nji iýulyna çenli aljaklar.

Resminamalary tabşyrmak möhleti: 2025-nji ýylyñ 7-nji martyna çenli. Arzalar hut Ilçihananyñ özünde kabul edilýär. Dalaşgäriñ özüniñ baryp bilmedik ýagdaýynda, resminamalary poçta arkaly ugratmak mümknçiligi bar (arzalar elektron poçta arkaly kabul edilmeýär).

Goşmaça maglumatlary +99365857173 (09:00-dan 18:00-a çenli) telefon belgileri boýunça alyp bolýar.

Resminamalar bilen Ilçihananyñ saýtynda tanşyp bolýar https://overseas.mofa.go.kr/tm-ru/brd/m_9174/view.do?seq=761149&page=1

Ýene-de okaň

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň instituty ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar