JEMGYÝET

Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Merkezi Aziýa sapary başlanýar

Koreýa Respublikasynyň “Ýonhap” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň Merkezi Aziýa, ýagny Türkmenistan, Gazagystan we Özbegistan döwletlerine döwlet sapary başlanýar. Bu sapar Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda gazylyp alynýan peýdaly baýlyklar hem-de beýleki möhüm pudaklarda hyzmatdaşlygy giňelmäge mümkinçilik berer.

Prezident Ýun Sok Ýol Merkezi Aziýa döwletlerinde döwlet saparynda bolup, oňa bu saparynda ýurduň 60-dan gowrak iri koreý kompaniýalarynyň ýolbaşçylary wekilçilik eder.

Şeýle hem bu sapar Prezident Ýun Sok Ýoluň geçen ýylyň dekabr aýynda Niderlandlar Patyşalygyna amala aşyran döwlet saparyndan soňra ilkinji daşary ýurt sapary bolup durýar.

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti ilki bilen Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada geler. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşar, ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekiliş dabarasyna gatnaşar.

Soňra Prezident Ýun Sol Ýol Gazagystana sapar bilen baryp, bu ýerde Gazagystanyň Prezidenti, şeýle hem bu ýurtdaky koreý raýatlary bilen duşuşar.

Perşenbe güni Özbegistana sapar bilen barjak Prezident Ýun Daşkentde Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn işewürler foruma gatnaşar.

Bu sapar koreý kompaniýalarynyň energetika, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklar, infrastruktura we beýleki ugurlarda Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrma giň mümkinçilik döreder.

Prezidenti Ýun bu sapary bilen “K-Silk Road” täze başlangyjy öňe sürüp, Günorta Koreýanyň mümkinçilikleri bilen Merkezi Aziýanyň baý tebigy serişdelerini we ösüş mümkinçiliklerini birleşdirmek bilen täze hyzmatdaşlyk ugruny döretmegi maksat edinýär.

Şeýle hem, Koreýa Respublikasy Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen geljek ýyl Koreýa Respublikasy – Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň sammitini geçirmegi göz öňünde tutýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi