BIZNES

Koreý kompaniýasy Türkmenistandaky ornuny berkidýär

«Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju 26-30-njy iýun aralygynda täze işewürlik mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de kompaniýanyň Merkezi Aziýa bazaryndaky ornuny pugtalandyrmak maksady bilen Türkmenistanda saparda boldy. Bu barada kompaniýanyň metbugat beýanatynda bellenilip geçilýär.

Koreýa Respublikasynyň iri kompaniýasynyň ýolbaçysy bu saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri bilen duşuşdy. Koreý işewüri özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna Türkmenabatdaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumy gurmak işine gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, bu taslamany üstünlikli tamamlamaga ygrarlydyklaryny tassyklady.

Jong Won-ju bu saparynyň çäklerinde gaz ýataklaryny özleşdirmek, nebithimiýa toplumlaryny gurmak, şeýle hem demriýol ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, iri şähergurluşyk we köp gatly binalaryň gurluşygy ýaly taslamlara gatnaşmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.

Koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow bilen duşuşykda mineral dökünleri öndürýän toplumy gurmak taslamasyny maslahatlaşyp, başga birnäçe infrastruktura taslamalaryna gatnaşmaga bolan gyzyklanmasyny beýan etdi.

Koreý işewüri şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew bilen gaz ýataklaryny özleşdirmek taslamalary boýunça pikir alyşdy.

Şeýle hem koreý tarapy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow hem-de Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ji Kýu Tek bilen duşuşdy.

Koreý işewüri Türkmenistanyň öz kompaniýasy üçin strategik bazar bolup durýandygyny belläp, öz iş ugurlarynyň gerimini giňletmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Ýene-de okaň

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler