DÜNÝÄ

Koreý kompaniýasy Türkmenistanda Merkezi Aziýadaky ilkinji tehnologiýany ornaşdyrar

«Mitsubishi Heavy Industries» kompaniýasy kömürturşy gazyny (CO2) ýygnap almak boýunça öňdebaryjy tehnologiýalaryna eýe bolup, olary Türkmenbaşy etrabynda kuwwaty 1 million 155 müň tonna bolan täze karbamid dökünlerini öndürýän toplumyň gurluşygynda ornaşdyrylar. Bu barada «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara maslahatynda (CIET 2025) kompaniýanyň Baş ýerine ýetiriji direktory Eisaku Ito habar berdi.

Türkmenistana ilkinji gezek gelen ýapon işewür türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň işjeň ösdürilmegi we ýurdumyzyň ykdysady ösüşine goşant goşmak mümkinçiligi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

«Gurluşyk meýdançasynda gurluşyk boýunça tejribämize daýanyp, biz Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda köp umumylyklary tapdyk. Bizi zähmetsöýerlik, sadalyk, akýüreklilik, tertip-düzgün we ynam ýaly gymmatlyklar birleşdirýär. Bu gymmatlyklar XX asyrda Ýaponiýanyň çalt ykdysady ösüşiniň esasyny düzdi» diýip, kompaniýanyň ýolbaşçysy aýtdy.

Eisaku Ito «Mitsubishi Heavy Industries» we «GAP Inşaat» kompaniýalaryna daşky gurşawa täsirini azaltmak esasy wezipeleriň biri bolup durýan täze karbamid dökünlerini öndürýän toplumyň gurluşygynyň ynanylandygyny hem belläp geçdi.

Şunuň bilen baglylykda, kömürturşy gazyny ýygnap almak boýunça öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan «Mitsubishi Heavy Industries» kompaniýasy bu tehnologiýalary täze önümçilik toplumynda ornaşdyrar.

«Şeýle tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bu täze desgany Merkezi Aziýada CO2-ni ýygnap almak boýunça ilkinji hereket edýän toplum eder. Biz munuň Türkmenistany sebitleýin dekarbonizasiýa ulgamynda öňdebaryjy orunlara çykarjakdygyna ynanýarys» diýip, Eisaku Ito netije çykardy.

Ýene-de okaň

Kiýewdäki Magtymguly adyndaky kitaphanada şygryýet we sazly çäre geçirildi

Dohada hökümetara türkmen-katar toparynyň mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Täjigistanda zenanlar dialogynyň jemýleji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Hindistanyň ilçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň telefon söhbetdeşlikleri

Hazarda bekre balyklaryň tutulmagy babatda çözgüt kabul edildi