BIZNES

Koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanda amala aşyrjak taslamalary

Mälim bolşy ýaly, golaýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran saparynda koreý kompaniýalary bilen duşuşyklar geçirildi. Şol duşuşyklarda Türkmenistanda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýän iri taslamalar barada pikir alşyldy.

“Türkmenistan” gazetindäki habaryna görä, şol taslamalaryň arasynda:

  • Koreýa Respublikasynyň «Hyundai Engineering», «LX International Corp.» we Ýaponiýanyň «Itochu Corporation» kompaniýalarynyň bilelikde Balkan welaýatynda tebigy gazy gaýtadan işläp, dizel we nafta suwuk ýangyjyny öndürjek zawodyň gurluşygynyň;
  • «Daewoo Engineering and Construction» kompaniýasy tarapyndan Balkan welaýatynda tebigy gazdan ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürmäge mümkinçilik berjek zawodyň gurluşygynyň;
  • ýene şol kompaniýa tarapyndan Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýylda 300 müň tonna fosfor dökünini öndürjek desganyň gurluşygynyň;
  • «Hyundai Corporation» kompaniýasy tarapyndan Türkmenistana awtoulaglary, şol sanda elektrobuslary we elektromobilleri ugratmak;
  • «OmniSystem» kompaniýasynyň ýurdumyzy ýaşaýyş jaýlarynda we şäherlerde ulanylýan «akylly» hasaplaýjy sanly ulgamlar bilen üpjün etmek ýaly iri taslamalar bar.

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär