DÜNÝÄ

Koreý kompaniýalary Arkadag şäherine uly gyzyklanma bildirýär

2025-nji ýylyň 16-19-njy apreli aralygynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Koreýa Respublikasynda saparda boldy. Saparyň dowamynda Koreýa Respublikasynyň hökümetiniň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklar geçirildi, şeýle hem maliýe guramalaryň hem-de iri koreý kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar guraldy. Törkmen wekiliýeti käbir desgalara baryp gördüler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça Döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow “EMKorea” toplumyna baryp, bu ýerde bir gezeklik ulanylýan lukmançylyk enjamlarynyň öndürilişi we bu ugurdagy degişli tehnologiýalar bilen tanyşdy.

Türkmen wekiliýeti “Kookmin Bank”, Koreýanyň eksport-import banky, “ABIMAN Engineering и Shinsung E&G.” kompaniýasy, Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasy we başga-da birnäçe kompaniýalaryň hem-de guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklar geçirdi.

Geçirilen duşuşyklarda Arkadag şäherinde döredilen Lukmançylyk klasteriniň çäklerinde meýilleşdirilen taslamalara koreý kompaniýalaryň gatnaşmagy bilen baglynyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

“Lotte” myhmanhanasynda bolsa, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça Döwlet komiteti bilen Koreýa Respublikasynyň “Meditech Co., Ltd.” kompaniýasynyň aarasynda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi.

Gol çekişlik dabarasyna  Koreýa Respublikasynyň Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ministrliginiň Lukmançylyk senagaty edarasynyň baş direktory hanym Çon Yn En hem gatnaşdy.

Resminama gol çekilenden soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça Döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow bilen hanym Çon Yn Enyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Ýene-de okaň

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Kabul we Aşgabat TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky ýerleri satyn almak işinde ylalaşýarlar

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi