BIZNES

Kiçi göwrümli karz serişdelerini hödürleýär

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky kiçi göwrümli karz serişdelerini hödürleýär. Bu barada bankyň resmi internet saýtynda bellenilip geçilýär.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky ýurdumyzyň raýatlaryna “Kiçi göwrümli karz” hyzmatyny hödürleýär. Berilýän karz serişdeler melleginde (kömekçi hojalygynda, bölünip berlen ýer böleginde) maldarçylygy, ekerançylygy ösdürmek ekmek ýaly oba hojalyk işleri üçin peýdalanylmagy meýilleşdirilýän raýatlara hödürlenilýär.

Kiçi göwrümli karzlar 30 müň manada çenli ýyllyk 10 göterim bilen 3 ýyllyk möhlete berilýär. Kiçi göwrümli karzlar şu aşakdaky maksatlara berilýär:

– önümçiligi guramak, ösdürmek we giňeltmek;

– önümleriň göwrümini artdyrmak;

– oba hojalyk tehnikasyny satyn almak;

– mal ýataklaryny we fermalary gurmak, abzallary, gurallary satyn almak;

– mallary, balyklary we öý guşlaryny satyn almak;

– mallar we öý guşlary üçin ot-iýmleri, weterinariýa serişdelerini satyn almak;

– ösümlikleri ýetişdirmek, tohumlary, mineral dökünleri, şitilleri we agaç nahallaryny satyn almak;

Kiçi göwrümli karzyny almak üçin zerur resminamalar:

  1. a) Karz alyjydan:

– arza (arzada karzyň maksady, möçberi, möhleti we üpjünçiliginiň görnüşi hem-de önümçiligi barada gysgaça maglumat görnüşinde görkezilmeli);

– pasportynyň nusgasy;

– ýaşaýan ýerinden maşgala ýagdaýy barada güwähat (Forma № 3);

– raýata degişli mellegiň (kömekçi hojalygynyň, bölünip berlen ýer böleginiň) ähli resminamalary;

– karz boýunça töleg geçirmek bilen baglanyşykly degişli resminamalar (hasap- faktura, şertnama we ş.m.);

– girew emlägine degişli resminamalar;

– girew goýujynyň pasportynyň nusgasy we razylyk haty;

  1. b) zamunçydan:

– arza (karz alyjynyň karzy boýunça zamunçy bolmak razyçylygyny berýän);

– pasportynyň nusgasy;

– zähmet depderçesiniň tassyklanan nusgasy;

– işleýän ýerinden eýeleýän wezipesi, aýlyk zähmet haky barada güwähat;

– eger zamun bolujy telekeçi bolup çykyş edýän bolsa, telekeçiniň bellige alyş şahadatnamasy, patentiň nusgasy, şahsy tarapyň salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamasy, soňky 3 ýylyň girdeji salgydy barada beýannamasy;

– eger zamun bolujy ýuridiki tarap bolsa ýuridiki tarapyň hukuk resminamalary, soňky 3 ýylyň balansy.

“Kiçi göwrümli karzlar” barada giňişleýin maglumaty almak üçin bankyň Baş edarasyna, şeýle hem bankyň Aşgabat şäher şahamçasyna we Türkmenbaşy şäher şahamçasyna ýüzlenip bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz:

Baş bank: 40-61-24,  40-61-50, 40-61-55
Biziň salgymyz: Aşgabat ş. Garaşsyzlyk şaýoly 32

karz@tfeb.gov.tm
Aşgabat şäher şahamçasy:
21-99-82, 21-99-83, 21-99-84
Biziň salgymyz: 10 ýyl Abadançylyk, 160

karz_ashgabat@tfeb.gov.tm

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki şahamçasy:
800 243-2-12-87; 800 243-2-58-86

karz_awaza@tfeb.gov.tm

 Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky

 Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

www.tfeb.gov.tm

 

Birža resminamalary onlaýn kabul edýär

 

 

Ýene-de okaň

“Iran Agro Fud” atly Eýranyň 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Iran Agrofood» atly ýöriteleşdirilen sergi geçiriler

“Kudo Kudo” türk fasfud restorany Türkmenistanda

“Bloomberg”: Mask 400 milliard dollardan gowrak baýlygy bolan ilkinji adam

“SpaceX” dünýädäki iň gymmatly hususy startap kompaniýasy boldy