SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Kazan-Türkmenabat uçar gatnawy barada möhüm habar

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Russiýadaky wekilhanasynyň resmi saýtynda Kazan-Türkmenabat ugry boýunça uçar gatnawy barada möhüm habarnama goýlupdyr.

Şol habarnamada, şu ýylyň 31-nji awgustyndaky Kazan-Türkmenabat ugry boýunça gatnawa bileti bolan ýolagçylar PSR test barlagyndan uçuş amala aşyrylýan güni geçerler. Şol gün Kazan şäheriniň Orenburg traktyndaky Respublikan kliniki hassahananyň “B” poliklinika korpusyndaky 119-njy otagda PSR test barlagyndan geçmek bolar.

30-njy awgustda testden geçmek üçin hassahana barmak zerur däl. Şol gün hassahana şäheriň güni mynasybetli ýapyk bolýar.

Related posts

Özbegistandan gelen “Tiz kömek” awtoulaglary çagalar bölümlerine berildi

Russiýa wiza üçin ynanç haty

Beýik Britaniýa raýatlaryna syýahat etmäge rugsat bermekçi